9-njy ýanwarda Ermenistanyň hökümeti ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulmagy baradaky kanun taslamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada ýurduň habar beriş serişdeleri mälim etdi. Indi kanun taslamasy parlamentiň garamagyna hödürlener. Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan resminamanyň “Ermenistanyň sözüň doly manysynda Ýewropa Bileleşigine agzalygyny aňlatmaýandygyny” duýdurdy we “bu mesele boýunça kararyň diňe sala salşyk arkaly kabul edilip bilinjekdigini” belledi.
Ministrler Kabineti kanun taslamasyny goldamagyndan bir gün öň Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan ýurduň ýakyn aýlarda Ýewropa Bileleşigi bilen “täze hyzmatdaşlygyň meýilnamasyna” gol çekip biljekdigini aýtdy. Mirzoýanyň aýtmagyna görä, bu ýene bir giňişleýin resminama bolar. Ministr geçen ýyl Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyk gazanylandygyny we wiza düzgünlerini liberallaşdyrmak boýunça gepleşikleriň başlandygyny belledi.
Soňky ýyllarda Ermenistan Günbatar bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrdy. 27 ýurtdan ybarat Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ýeňil däl we uzyn proses bolup biler. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen umumy serhedi ýok we ykdysady taýdan Russiýa bagly bolup galýar.