Ermenistanyň Parlamenti Respublikanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak prosesiniň başlanandygy baradaky kanunyň taslamasyny tassyklady. Maslahat ýerli teleýaýlymlarda görkezildi.
-Taslamanyň kabul edilmegine 63 deputat ses berdi, 7 deputat garşy ses berdi. Netijede, karar kabul edildi – diýip, parlamentiň başlygy Alen Simonýan aýtdy.
Hökümetiň başyndaky “Raýat şertnamasy” fraksiýasynyň wekilleri resminamany makullap ses berdiler. Ýurduň ikinji Prezidenti Robert Koçarýanyň “Ermenistan” fraksiýasy ses berişlige gatnaşmady, üçünji Prezident Serža Sargsýanyň “Meniň mertebäm” fraksiýasy bu kanun taslamasyna garşy ses berdi.
Bu kanunyň taslamasy “Demokratik güýçleriň platformasy” raýat başlangyjy topary tarapyndan guraldy we başlangyjy parlamente hödürlemek üçin zerur bolan 50 müň gola derek 60 müň gol ýygnamagy başardy. Ermenistanyň hökümeti bu kanunyň taslamasyny şu ýylyň başynda makullapdy. Respublikanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bu kanun taslamasynyň gerekli mukdarda gol ýygnan jemgyýetçilik başlangyjydygyny belläp geçdi.
Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bu kanun taslamasynyň Ýerewanyň Ýewropa Bileleşigine sözüň doly manysynda agza boljakdygyny aňlatmaýandygyny we bu mesele boýunça kararyň diňe sala salşyk arkaly kabul edilip bilinjekdigini aýtdy. – Kanun kabul edilenden soň, Ýewropa Bileleşigi bilen indiki ýol kartalarymyzy ara alyp maslahatlaşmaly – diýip, Paşinýan belledi.
Ermenistanyň Ykdysadyýet ministri Geworg Papoýan öz gezeginde, Ýerewanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigini terk etmek niýetiniň ýokdugyny belledi. Onuň pikiriçe, Ermenistan bileleşik bilen gatnaşyklaryň derejesini saklap, ony has-da ösdürmeli.
Esasy Dünýä täzelikleri Ermenistanyň Parlamenti ÝB-ne goşulmak prosesiniň başlanandygy baradaky kanun taslamasyny tassyklady