Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzyň milli senenamasynda orun alyp, giňden bellenilýän seneleriň biridir. Çünki Diýarymyzda daşky gurşawy goramaga, tebigata aýawly çemeleşmäge, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça netijeli işler ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen birlikde, Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň geçirilmegi döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar.
Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär. Ine, şeýle ýagdaýda «ýaşyl» energiýa, ýagny tebigy çeşmelerden alynýan täzelenýän energiýa öňe çykýar.
Şu nukdaýnazardan paýtagtymyz Aşgabatda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär. Onuň esasy maksady daşky gurşaw meselelerine, hususan-da, nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek döwründe metany we oňa bagly gaz zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns bermek bilen baglanyşykly mowzuklardan ybarat bolar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýyrmagy meýilleşdirýär we uzak möhletleýin döwürde her ýyl öz hasabyna zyňyndylary ep-esli azaltmagy, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň goldawy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryna goşant goşmagy meýilleşdirýär. Aşgabat Merkezi Aziýada klimat tehnologiýalaryň sebitleýin merkezini açmak başlangyjyny öňe sürdi. Mundan başga-da, Türkmenistan ozal BMG-niň suw strategiýasyny işläp düzmek, BMG-niň Aral deňzi boýunça ýörite maksatnamasyny döretmek we Hazar deňziniň ekoulgamlaryny goramak boýunça başlangyçlary bilen çykyş etdi.
Kadyrberdi ÇALYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.