Golaýda Nepalyň häkimiýetleri Ewerest dagyny arassalamak boýunça bäş ýyllyk toplumlaýyn iş meýilnamasyna badalga berlendigini mälim etdiler. Bu barada “The Kathmandu Post” gazeti habar berýär.

Neşiriň berýän maglumatyna görä, Ýer togalagynyň iň belent nokadyndaky hapalanma ýagdaýyny howanyň üýtgemegi has-da kynlaşdyrýar: gar we buzluklaryň eremegi netijesinde uzak wagtlap buz gatlagynyň astynda galan hapalar ýüze çykyp başlady. Bu bolsa suw akymlarynyň hapalanma howpuny artdyryp, derýalaryň aşaky akymynda ýaşaýan ilatyň saglygy üçin howp döredýär.

Gimalaý döwletiniň Medeniýet, syýahatçylyk we raýat awiasiýasy ministrligi tarapyndan yglan edilen maksatnama laýyklykda, barha artýan ekologiýa meselelerini nazarda tutup, Ewerestiň binýatlaýyn lagerini (5364 metr belentlikde ýerleşýän) başga ýere göçürmegiň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Häzirki lager Khumbu buzlugy boýunça bir kilometrden gowrak aralyga uzap gidýär we yzygiderli üýtgäp duran, ereýän buz akymynyň ugrunda ýerleşýär. Belent buz bölekleri bilen gurşalan bu sebit, esasan hem tomus paslynda buzluklardan erän suwlaryň akmagy sebäpli has-da durnuksyz ýagdaýa gelýär.

Bahar paslyndaky alpinizm möwsüminde binýatlaýyn lager ýüzlerçe alpinisti we hyzmat ediş işgärlerini öz içine alýan gür çadyrlar şäherçesine öwrülýär. Ol ýerdäki peçler, ýyladyjylar we generatorlar ekologiýa agramyny has-da güýçlendirýär.

-Hökümet dag gerişleriniň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen binýatlaýyn lageri başga ýere geçirmek mümkinçiligini öwrenmek kararyna geldi – diýip, Syýahatçylyk departamentiniň ýolbaşçysy Himal Gautam belledi. Şeýle hem ol: – Lagerde çadyrlardan doly, galyberse-de gowşak berkidilen nokatda ýerleşýär, şonuň üçin bu barlaglar bize alternatiw ýeriň mümkindigine baha bermäge mümkinçilik berer – diýip, belledi.