Eýfel diňi goňurdan altynsow reňke girer. Bu özgerişlikleriň 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlary bilen baglanyşyklydygy habar berilýär. Eýfel diňi 2022-nji ýylda täze reňkine eýe bolar. Onuň altynsow reňki Olimpiýa medallarynyň reňkine meňzäp, milli ýygynda üstünlik getirer diýlip umyt edilýär. Diň atmosfera täsirlerinden goramak maksady bilen her ýedi ýyldan bir gezek reňklenýär. Şeýlelikde, diň Gustaw Eýfeliň gowy gören sary-goňur reňkine eýe bolar. Taslamanyň bahasy 50 million ýewro barabar bolar. Diňiň beýikligi 324 metre deň bolup, reňkleýiş işlerinde ep-esli boýag sarp ediler. Reňkleýiş işleri 2022-nji ýyla çenli doly tamamlanar. Iň soňky gezek Eýfel diňiniň reňki 1968-nji ýylda üýtgedilip, bürünjiň tebigy reňkine ýakyn goňur reňkde reňklenipdi. Ondan öň açyk gyzyl, açyk mämişi we açyk sary reňklere bürenipdi.
Ýeri gelende aýtsak, Eýfel diňi 1889-njy ýylda Parižde Bütindünýä sergisiniň açylmagy mynasybetli wagtlaýyn desga hökmünde guruldy. Diň sergiden soň sökülmelidi, ýöne onuň ýokarsynda radio antennasynyň berkidilmegi we 1935-nji ýylda teleýaýlymyň ýola goýulmagy bilen desgany saklamaly diýen karara gelindi. Eýfel diňi geçen ýylyň martyndan bäri dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli çäklendirmeler bilen işleýär.