Duşanbe şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde Eýranyň ŞHG-ä agzalygy tassyklandy. Bu barada IRNA habarlar agentligi mälim etdi.
Duşenbede geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşyjylar hyzmatdaşlyga degişli resminama gol çekip, Eýrany bu gurama kabul etmeginiň başlanandygyny aýtdylar.
“Eýran Yslam Respublikasynyň ŞHG-ä kabul etmegiň tertibiniň başlandygy hakynda” gol çekilen resminamanyň ady yglan edildi.
ŞHG-ni döretmek baradaky jarnama Şanhaýda 2001-nji ýylyň iýun aýynda alty döwlet – Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan gol çekdi. 2017-nji ýylda Hindistan we Pakistan ŞHG-niň doly agzasy boldy. Birleşigiň işine dört synçy ýurt (Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa) we alty sany gepleşik boýunça hyzmatdaş (Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka) gatnaşýar.