“Eýran häkimiýetleri milli pulunyň denominasiýa mümkinçiligine garaýarlar” diýip, “Financial Times” gazeti habar berdi.

Mejlisiň Ykdysady komiteti reforma baradaky kanuny taslamanyň esasy düzgünlerini taýýarlady. Komitetiň başlygy Şamseddin Huseýniniň sözlerine görä, “Täze walýuta rial hem diýlip atlandyrylar we bir täze rial 10 000 häzirki rial bilen çalşylýar” diýip, gazet ýazýar.

“Nollaryň azaldylmagy maliýe hasaplamalaryny aňsatlaşdyrar we banknotlary öndürmek üçin çykdajylary azaldar” diýip, neşir dowam etdirýär.

Mundan başga-da, Hosseýni dolanyşyga ownuk şaýylyk bolan geranyň giriziljekdigini belläp geçdi (1 täze rial = 100 geran).

Denominasiýanyň ýurtda haçan geçirilijekdigi barada heniz maglumat ýok. Kanun taslamasyna ilki Mejlisde ses bererler, soňra bolsa, Konstitusiýanyň goragçylar geňeşiniň goldawyny almaly bolar.

“Eýran 1990-njy ýyllardan bäri hiç hili pul reformasy geçirmedi” diýip, “Financial Times” ýazýar.