Russiýanyň daşary işler ministrliginiň wekili Mariýa Zaharowa Tähran bilen Buenos-Aýresiň BRIKS bäşligine goşulmaga taýýardygyny mälim etdi. “RIA Nowosti” habarlar gullugynyň habaryna görä, bu ýurtlar gurama agza bolmak üçin resmi taýdan ýüz tutupdyrlar.
Bäş ýurtdan (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy) ybarat BRIKS topary 2006-njy ýylda esaslandyryldy. Golaýda Pekiniň baştutanlygynda “bäşligiň” 14-nji sammiti geçirildi. Sammite Eýran we Argentina ýaly birnäçe ýurduň ýolbaşçylary hem gatnaşdy. Maý aýynyň ortalarynda Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Hytaýyň BRIKS-i giňeltmek işine tagalla edýändigini öňe sürdi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý guramanyň aç-açanlygyny we köp ugurlylygyny görkezmäge, ösýän ýurtlaryň garaşýan isleglerine jogap bermäge, birleşigiň wekilçiligini we täsirini ýokarlandyrmaga, parahatçylygy we ösüşi goramaga has uly goşant goşmaga ýardam berer.