10-njy fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda EYR-nyň milli baýramy – Ynkylap güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. Eýranyň Ilçihanasy tarapyndan guralan çärede iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has ýokary derejä çykandygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda geçen ýylyň türkmen-eýran hyzmatdaşlygy üçin bütin taryhyň dowamyndaky iň netijeli döwürleriň biri bolandygyny aýratyn belledi. Ministr söwda-ykdysady gatnaşyklaryň dinamiki ösüşiniň we döwletara dialogyň täze belentliklere göterilmeginiň geçen ýylyň esasy aýratynlygydygyny belledi.
Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani iki ýurduň gatnaşyklarynyň diňe bir resmi däl, eýsem “garyndaşlyk we doganlyk” häsiýetine eýedigini aýtdy. Eýran Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny sebit durnuklylygynyň özeni hökmünde ykrar edýär we oňa uly hormat goýýar. Iki ýurduň ykdysadyýetleriniň özara sazlaşykly hereket etmegi sebitde gülläp ösüşiň esasy faktorydyr diýip, ilçi belledi.
Dabarada çykyş edenler iki ýurduň gatnaşyklarynyň geografik serhetlerden has çuňňur – umumy siwilizasiýada, taryhda we medeniýetde kök urýandygyny bellediler. Geljekde taraplar goňşuçylyk we özara hormat goýmak däplerine esaslanyp, iri göwrümli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, sebitleýin integrasiýany we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ynsanperwer we medeni gatnaşyklary giňeltmek ýaly ugurlarda işjeňligi artdyrmagy meýilleşdirýärler.
Diplomatik korpusyň, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre iki goňşy ýurduň sarsmaz dostluk ugruna ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.
Dabaranyň ahyrynda myhmanlara hödür-kerem edildi.
PDF









