Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelýär. Prezident Raisi 29-njy iýunda ýokary derejedäki wekiliýet bilen Aşgabatda geçiriljek Hazar sammitine gatnaşar.

Eýranyň Prezidenti sammitiň çäklerinde oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary bilen ikiçäk duşuşyklary geçirer.

Bu barada “Irna” agentligi habar berýär. Sammite Gazagystanyň hem-de Russiýa Federasiýalarynyň Prezidentleriniň gatşajakdygy mälim edilipdi.