“Facebook” kompaniýasynyň adyny “Meta” diýip üýtgetmegi bilen “Apple”, “Amazon”, “Netflix” we “Alphabet” kompaniýalaryny bilelikde atlandyrmak üçin ulanylýan FAANG sözi üçin täze teklipler orta atylyp başlandy. Bu söz, esasan, tehnologiýa ägirtleriniň girdejileri görkezilende ulanylýar. Tehnologiýa bilen meşgullanýan toparlar “Twitter”-da F bilen başlap M bilen gutarýan atlar bilen bir hatarda MAANG sözüni teklip edýär. Käbiri bolsa, ýapon animasiýalaryna öýkünip MANGA sözüni hödürleýär.
Adyna näme goýulsa-da, pandemiýa döwründe tehnologiýa kompaniýalary ösüşini dowam etdirdi. Geçen ýyl FAANG paýnamalarynyň bazar nyrhy 5,8 trillion dollardy. Bu ýyl bu görkeziji 7,416 trillion dollara ýetdi.
Ýeri gelende bellesek, golaýda “Microsoft”-yň bazar nyrhy “Apple”-dan geçipdi. Şeýle hem “Tesla” trillion dollarlyk kompaniýalaryň hataryna goşuldy. Şeýlelikde, iri kompaniýalara T harpyny hem goşmaly bolar. Munuň üçin MAMATA sözi teklip edilýär. Bu toparyň iň “garyp” agzasy “Netflix”. Şol sebäpli MAMATA sözünde onuň ady agzalmaýar. Şeýlelikde, “Alphabet”, “Microsoft”, “Apple”, “Meta”, “Amazon” we “Tesla” sözleri MAMATA-ny emele getirýär. MAMATA-nyň umumy bazar nyrhy bolsa, 10 trillion dollara barabar.