Ýurduň çäklerinde Mallary Bellige almak we Olary Yzarlaýyş boýunça Milli Ulgamy Düzmek boýunça FAO-nyň NAITIS Taslamasy resmi taýdan işe girizildi
20-nji maýda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasy (FAO) bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän TCP/TUK/4002 belgili «Mallary bellige almak we yzarlaýyş boýunça milli ulgam üçin strategiýanyň we ýol kartasynyň işlenip düzülmegi» taslamasynyň giriş seminary geçirildi. Bu maslahat Taslamanyň ýurdumyzyň çäklerinde resmi taýdan başlandygyny alamatlandyrdy.
Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň adyndan Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklary bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda taslamanyň ýurdumyz üçin strategik ähmiýetini belledi. Ol mallary bellige almak we yzarlaýyş boýunça döwrebap milli ulgamyň döredilmeginiň maldarçylygyň ösmegine, biologik howpsuzlygyň üpjün edilmegine, oba hojalygynyň durnukly ösüşine we ýurdumyzyň maldarçylyk önümleriniň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini nygtady.
«Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda, Mallary bellige almak we olary yzarlaýyş boýunça milli ulgamyň işe girizilmegi maldarçylyk hem-de weterinariýa hyzmatlarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, epizootik gözegçiligiň güýçlendirilmegine we ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine täze mümkinçilikleri açýar» diýip, Arslan Soltanmyradow belledi.
Maslahatyň dowanynda FAO-ň halkara bilermenleri Eran Raýzmanyň hem-de Dragan Angelowskiniň çykyşlary diňlenildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda halkara tejribeler, hususan-da mallary bellige almak we yzarlaýyş ulgamlarynyň gurluşy bilen bagly çemeleşmeler, degişli hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi boýunça ileri tutulýan ugurlar, şeýle hem milli strategiýanyň taýýarlanylyş tapgyrlary we sanly platformanyň döredilişi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
NAITIS taslamasy tutuş Türkmenistanyň çäginde mallary bellige almak we olaryň hereketini yzarlaýan, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän we halkara standartlara laýyklykda işleýän durnukly ulgamy döretmäge gönükdirilendir. Taslamanyň çäklerinde institutlaýyn ýagdaýyň toplumlaýyn seljermesi, öňdebaryjy sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy, şeýle hem milli hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Bu taslama Türkmenistanyň maldarçylyk ulgamyny berkitmek, agrosenagat toplumyny ösdürmek we ýurdumyzy dünýäniň azyk üpjünçiligi ulgamyna netijeli goşmak babatdaky alyp barýan syýasatyna, şeýle hem BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.