Fewralyň ahyrynda gijeki asmanda seýrek hadysany synlasa bolar, ýagny birbada alty sany planeta bir hatara düzüler. Dört planeta – Merkuriý, Wenera, Mars we Ýupiter adaty ýagdaýda göze görner, emma Urany we Neptuny synlamak üçin dürbi ýa-da teleskop gerek bolar diýip, “The Guardian” neşiri habar berdi.
“Planetalaryň ýörişi” ýa-da “planetalaryň deňleşmesi” diýilýän hadysa bir wagtda azyndan dört ýa-da bäş planetany synlamak mümkin bolanda döreýär. 28-nji fewralda hem Merkuriý, Wenera, Mars, Ýupiter, Uran we Neptun asmanda bir hatara düzüler hem-de bu täsin wakany dünýäniň ähli ýerindäki adamlar synlap bilerler.
Bu planetalaryň ählisi-de Günüň daşyndan şol bir tekizlikde, ýagny ekliptika boýunça aýlanýar. Her bir planetanyň dürli tizlikde we dürli uzaklykda hereket edýändigine garamazdan, Ýerden seredeniňde, olar bir hatara düzülen ýaly bolup görünýär. Emma bu görer göze şeýle, aslynda planetalar biri-birinden millionlarça ýa-da milliardlarça kilometr daşlykda ýerleşýärler diýip, “korrespondent.net” internet neşiri ýazýar.
PDF









