1904-nji ýylyň 21-nji maýynda Parižde Halkara futbol federasiýalary Bileleşigi (FIFA) döredilýär. Adamzat irki döwürlerden bäri aýak bilen depip oýnalýan dürli oýunlary oýnapdyr. Topuň häzirki futbola has meňzeş görnüşi XVII asyrda Angliýada peýda bolupdyr. 1841-nji ýylda futbol topunyň şekili kesgitlenipdir. 1848-nji ýylda “Kembrij düzgünleri” atly futbol kadalary girizilip, bu düzgüne görä ilkinji duşuşyk Kembrijde talyplaryň arasynda geçirilipdir. 1855-nji ýylda iňlis topary ilkinji gezek daşary ýurda, ýagny Germaniýa futbol oýnamaga gidýär. Şondan soňra Germaniýada hem futbola gyzyklanma artyp başlaýar. 1857-nji ýylda Angliýada ilkinji futbol kluby “Shef-field Club” açylýar. 1863-nji ýylda ýurtda Futbol federasiýasy döredilýär. 1871-nji ýylda Angliýanyň Federasiýa Kubogy ýaryşy başlanýar. 1872-nji ýylda Angliýa bilen Şotlandiýanyň ýygyndy toparlarynyň arasynda ilkinji duşuşyk geçirilýär. Şondan soňraky ýyllarda Ýewropada we beýleki ýurtlarda futbol federasiýalary döredilýär we sportuň bu görnüşine täze düzgünler girizilip kämilleşdirilýär. Amerika yklymynda bolsa, ilkinji futbol federasiýasynyň Argentinada esaslandyrylýar. 1904-nji ýylda Belgiýa, Fransiýa, Daniýa, Gollandiýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa döwletleri FIFA-ny (Halkara Futbol Assosiasiýalar Bileleşigi) döredýär. 1908-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda futbol Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär.