Dünýä futbolynyň hojaýyny FIFA geljek ýylyň tomsunda ABŞ, Meksika we Kanadada geçiriljek 23-nji Dünýä Kubogynyň umumy baýrak gaznasyny, şol sanda toparlara paýlanjak pul mukdaryny mälim etdi.
Umumylykda 727 million dollarlyk baýrak gaznasy bolup, ol Katar 2022 bilen deňeşdireniňde 50 göterim köp diýmekdir.
Her topar “toprak basdy”, ýagny gatnaşany üçin 1,5 million dollar baýrak alar. Toparçadaky duşuşyklardan soň bolsa 48 ýygyndynyň hersine 10,5 million dollar berler. Ýagny çempionata gatnaşan ýygyndylar iň azyndan 10,5 million dollarlyk pul baýragy bilen dolanarlar.
Çempion 50 million dollar alar
Çempionlyk gazanan ýygyndy 50 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglanar. Bu 2022-nji ýylda 42, 2018-nji ýylda 38 million dollara deňdi. Finalda utulan topar 33 million, 3-nji ýeri eýelän topar 29, 4-nji orunda tamamlan ýygyndy 27 million dollarlyk pul baýragyna mynasyp bolar. 5-8-nji ýerde tamamlanlar, ýagny çärýek finalda utulan ýygyndylara 19, 1/8 finaldan yzyna gaýdanlara 15 million dollar berler. Toparçalardan çykyp bilmedikler, umumy sanawda 17-32-nji orny eýelänler 11, 33-48-nji ýeri eýelänler 1,5 million dollaryň üstüne 9 million dollar pul baýragyny alarlar.
Çempionat geljek ýylyň 11-nji iýuny – 19-njy iýuly aralygynda geçirilip, 48 ýygyndy 12 toparçada özara duşuşar.
PDF









