“The Financial Times” (FT) gazeti “Nvidia” kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huangy “Ýylyň adamy” diýip yglan etdi. Bu barada neşiriň web sahypasynda habar berildi. “Ýylyň adamy Jensen Huang. Ol halkara ykdysadyýetini özgertmek mümkinçiligine eýe bolan ägirt uly emeli aň şowhunynyň hereketlendiriji güýjüdir” diýip, neşir belleýär.
11-nji dekabrda “Time” žurnaly Jensen Huang bilen birlikde birnäçe “emeli aň binagärlerini” “ýylyň adamlary” diýip atlandyrdy. Şeýle hem neşir “xAI” kompaniýasynyň baş direktory Ilon Masky, “OpenAI”-iň baş direktory Sem Altmany we “Meta”-nyň esaslandyryjysy Mark Sukerbergi şeýle at bilen sylaglady.
Şol bir wagtyň özünde, “Polymarket” onlaýn internet platformasynyň ulanyjylary “Time” žurnalynyň bu gezek ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy, Rim papasy Lew XIV-i, “Nvidia”-nyň baş direktory Jensen Huangy ýa-da “OpenAI”-nyň baş direktory Sem Altmany “ýylyň adamy” diýip atlandyrjakdygyny çakladylar. 2024-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Time” heniz wezipesine girişmedik häzirki amerikan liderini “ýylyň adamy” diýip mälim etdi.
PDF









