Şwesiýanyň Korollyk ylymlar akademiýasy 2025-nji ýylyň fizika boýunça Nobel baýragyny Jon Klarka, Mişel H. Dewore we Jon M. Martinise makroskopik kwant-mehaniki tunnelini we elektrik zynjyrynda energiýa kwantyny ýüze çykaranlygy üçin berdi.
Baýrak eýeleri çipde elektrik zynjyry bilen synag geçirip, elde saklamakdan has uly bolan ulgamda kwant tunelini şeýle hem, kwantlanan energiýa derejesini görkezdiler. 1984-1985-nji ýyllarda alymlar geçiriji däl materialyň inçe gatlagy bilen bölünen super geçiriji komponentleri ulanypdylar. Döredilen ulgam tutuş zynjyry doldurýan ýekeje bölejik ýaly hereket etdi. Bu barada Nobel komitetiniň web sahypasynda habar berilýär.
Synaglar ulgamyň güýjemäniň ýüze çykmagy bilen kesgitlenýän kwant tunneli arkaly energiýa päsgelçiligini ýeňip geçmäge ukyplydygyny görkezdi. Şeýle hem ulgamyň kwant mehanikasy tarapyndan öňünden kesgitlenişi ýaly berk kesgitlenen böleklerde energiýa siňdirýändigi we şöhlelendirýändigi subut edildi. Bu açyş kwant kompýuterleriniň, kwant kriptografiýanyň we sensorlaryň täze nesliniň ösmegine esas döretdi.
2024-nji ýylda fizika boýunça Nobel baýragy amerikaly Jon Hopfilde we britaniýaly Jeffri Hintona neýro ulgamlarda geçiren barlaglary üçin berildi.
PDF









