«Forbes» žurnaly Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeni, Halkara pul gaznasynyň dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewany, «BioNTech» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Özlem Türejini, «AstraZeneca» sanjymynyň döredilmegine gatnaşan sanjym hünärmeni Sara Gilberti Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we Afrikanyň 50 ýaşdan ýokary iň üstünlikli zenanlarynyň sanawyna goşdy.
Mundan başga-da, «Forbes» edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Swetlana Aleksiýewiçi iň üstünlikli zenanlaryň sanawyna goşdy. Şeýle hem, sanawda Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard, Bütindünýä Söwda Guramasynyň (WTO) başlygy Ngozi Okonjo-Iweala we Tanzaniýanyň Prezidenti Samia Suluhu Hassan bar.
Şeýle hem neşir 52 ýaşdan 82 ýaş aralygyndaky maglumat tehnologiýasy pudagynyň köp sanly wekillerini, döredijilik hünärmenlerini, ykdysatçylary, alymlary we dürli kompaniýalary esaslandyryjylary bu sanawa girizdi.