1903-ýylyň 23-nji iýulynda “Ford” kompaniýasy ilkinji awtoulagyny satýar. “Ford Model A” atly bu ulagy çikagoly diş lukmany Ernest Pfennig 850 dollara satyn alýar. Üsti açyk ulagyň iki we 4 orunlyk görnüşleri bolupdyr. 1903-1904-nji ýyllarda kompaniýa şeýle ulagdan jemi 1 müň 750 sanysyny öndürýär. Awtoulag Miçigan ştatynyň Detroit şäherindäki zawodda öndürilýär. Iki orunlyk “Ford Model A” 800 dollardan (2024-nji ýyldaky hasap bilen 28 müň dollar) satylypdyr.