Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron sentýabr aýynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň mejlisinde Palestina döwletini ykrar etjekdigini mälim etdi. Şeýlelikde, Fransiýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine agza hem-de G7 ýurtlarynyň arasynda Palestinany ykrar eden ilkinji ýurt bolar.
Prezident Makron – Ýakyn Gündogarda adalatly we hemişelik parahatçylyga bolan taryhy ygrarlylygyma laýyklykda, Fransiýanyň Palestina döwletini ykrar etmegi barada karara geldim – diýip belledi.
Fransiýa soňky aýlarda Palestinany BMG-ä doly agza hökmünde kabul edilmegine tarapdardygyny öňe sürüp gelýär. 2024-nji ýylyň fewral aýynda Makron Palestinany ykrar etmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýandygyny we bu meseläni tabu (mümkin däl) hasaplamaýandygyny aýdypdy.
Palestina 2012-nji ýylyň noýabryndan bäri Watikan bilen bilelikde BMG-niň synçy döwleti hasaplanýar. Ýurdy BMG-na agza 193 ýurduň 147-si ykrar edýär.