Fransiýada täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen mekdeplerde el telefony ulanmak gadagan edildi. Bu düzgün geçen ýyl ýurduň 100 töweregi mekdebinde “telefon arakesmede” ady bilen synag maksatly girizildi. Indi bolsa bu düzgüniň 2025-2026-njy okuw ýylyndan başlap, döwlete degişli ähli mekdeplerde tapgyrlaýyn ýola goýuljakdygy habar berildi. Bilim ministrligi okuw wagtynda telefonlaryň şkaflarda, gutularda ýa-da gulply torbalarda saklanjakdygyny mälim etdi. Ýurduň bilim ministri Elizabet Born ekranyň ýaşlara oňaýsyz täsiri barada aýdyp, “Ekran meselesi halkyň saglygy bilen, aň saglygy bilen bagly meseledir, täsirini hiç kim inkär edip bilmez” diýip belledi.