Fransiýa baran myhmanlaryň sany rekord derejä 102 – millona ýetdi. “EuroNews”-yň ýazmagyna görä, 2024-nji ýylda geçilen 100 million syýahatçy sepgidi artyşyny dowam etdiripdir. Ozalky ýylda Parişde Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegi ýurda barýan syýahatçylaryň sanyny ýokarlandyrypdy. Ykdysadyýet ministrliginiň maglumatlaryna görä, Daşary ýurtly myhmanlaryň ýurtda galan gijeleriniň sany 743 milliona ýetdi, syýahatçylaryň 76%-i bolsa Ýewropa ýurtlaryndan gelipdir. Myhmanhanalarda we kärendesine berilýän öýlerde geçirilen gijeleriň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7,5% ýokarlandy. Syýahatçylyk pudagy ýurda rekord derejedäki 77,5 milliard ýewro peýda getirdi – bu 2024-nji ýyldakydan 9%, 2019-njy ýylyň görkezijisinden 37% ýokarydyr.
Fransiýa 2030-njy ýyla çenli syýahatçylykdan gelýän ýyllyk girdejini 100 milliard ýewro ýetirmegi we durnukly syýahatçylygyň öňdebaryjy ugry hökmünde ornuny berkitmegi maksat edinýär. Şol bir wagtda, Ispaniýa myhmanlaryň sany boýunça Fransiýa bilen diýen ýaly deňleşdi: 2025-nji ýylda ol 96,8 million syýahatçyny kabul etdi. Mundan başga-da, syýahatçylykdan gelýän girdejiler babatda Ispaniýa bäsdeşinden öňe geçip, 105 milliard ýewro gazandy.
Soňky ýyllarda Fransiýa syýahatçylaryň sany boýunça öňdeligini saklaýar we şol bir wagtda aşa syýahatçylyk (overtourism) meselelerinden üstünlikli gaça durmagy başarýar. Fransiýanyň syýahatçylyk akymlaryny dolandyrmak usuly – oýlanyşykly strategiýa, dürli sebitleri ösdürmäge we syýahatçylaryň sanyny ýylyň pasyllaryna görä deň paýlamaga esaslanýar.
Meselem, Parižiň Monmartr etrabynyň ýaşaýjylary taryhy kwartalyň “disneýleşdirilmeginden” şikaýat edýärler. Sakre-Kýor bazilikasyna her ýyl 11 milliona çenli adam gelýär – bu hatda Eýfel diňine gelýänleriň sanyndan hem köpdür. Etraby gezelenç toparlary, surat üçin nobata duranlar we gysga möhletli jaý kärendesina alýanlar gaplap aldy. Mundan ozal häkimiýetler, syýahatçylaryň bähbitleri bilen ýerli ýaşaýjylaryň rahatlygynyň arasyndaky deňagramlylygy saklamak üçin, köp adamly ýerlerde, şol sanda Mon-Sen-Mişel gala-adasynda syýahatçylyk akymyny kadalaşdyrmagyň zerurdygyny belläpdiler.
PDF









