Fransiýada Fransua Baýrunyň hökümeti işinden çekilenden soň ýurduň Premýer-ministri wezipesine Fransiýanyň Ýaragly güýçler ministri Sebasten Lekornýu bellendi. 9-njy sentýabrda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýurduň indiki Premýer-ministri wezipesine Lekornýuny belledi. Lekornýu syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşandan soň, ministrleriň sanawyny döwlet Baştutanynyň tassyklamagy üçin tabşyrar.
“Prezident ýurduň býujetini kabul etmek we ylalaşyk gazanmak maksady bilen parlamentde wekilçilik edilýän syýasy güýçler bilen maslahatlaşmagy tabşyrdy” diýlip, Fransiýanyň Prezident administrasiýasynyň beýanatynda aýdylýar.
Golaýda Fransiýanyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň köpüsi ýurduň hökümetine bolan ynamyň garşysyna ses berdiler. Baýrunyň özi, 2026-njy ýyl üçin býujet taslamasy bilen baglanyşykly düşünişmezlikler sebäpli uzaga çeken çökgünlik wagtynda hökümete ynam sesini berdi. Milli karzyň ösmegi bilen Baýrunyň Kabineti indiki ýyl salgyt stawkalaryny, sosial tölegleri we pensiýalary doňdurmagy teklip etdi. Çepçi Täze Milli Front blogy we sagçy Milli ýöriş meýilnama garşydyklaryny mälim etdiler.
PDF









