Gel­jek ýyl Fran­si­ýa­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň dö­wür­le­ýin baş­lyk­ly­gy­ny ka­bul et­me­gi bi­len mas­la­hat­la­ryň kö­pü­si fran­suz di­lin­de ge­çi­ri­ler. Ge­çen ýyl Be­ýik Bri­ta­ni­ýa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­den aý­ry­lyp­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan bi­le­le­şi­ge ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da iň­lis di­li hä­zir­ki wagt­da hem iň köp ula­nyl­ýan dil ha­sap­lan­ýar.
Fran­si­ýa fran­suz di­li­ni öw­ren­mek is­le­ýän dip­lo­mat­lar üçin hem tö­leg­siz ders­le­ri ýo­la go­ýar. 27 ag­za­sy bo­lan Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de di­ňe iki ýur­duň – Ir­lan­di­ýa­nyň we Mal­ta­nyň di­li iň­lis­çe. Ag­za ýurt­la­ryň res­mi dil­le­ri­niň (je­mi 24 dil) äh­li­si bi­le­le­şi­giň res­mi di­li ha­sap­lan­ýan hem bol­sa, bi­le­lik­dä­ki mas­la­hat­lar­da we res­mi­na­ma­lar­da, esa­san, iň­lis, ne­mes we fran­suz dil­le­ri ula­nyl­ýar.