Germaniýanyň federal Kansleri Fridrih Mers Ştutgartda geçirilen Hristian-demokratik birleşiginiň (HDB) partiýa gurultaýynda partiýanyň başlyklygyna täzeden saýlandy. Delegetlaryň ses bermeginiň netijesinde ol sesleriň 91,17 göterimini aldy.
Bu barada “Deutsche Welle” habar berýär. Ses berişlige hasaba alnan 1001 wekiliň 977-si gatnaşdy. Mers üçin 878 wekil ses berdi, 85-si garşy çykdy. 14 wekil saklandy we HDB-de bellenen prosedura laýyklykda, olaryň býulletenleri geçimsiz diýlip ykrar edildi. Şunlukda, HDB-niň täzeden saýlanan lideriniň partiýadaşlarynyň arasyndaky goldaw derejesi durnukly ýokarylygy saklaýar: 2024-nji ýylyň maýynda geçirilen öňki gurultaýynda ol sesleriň, takmynan, 90 göterimini alypdy.
Mers ilkinji gezek 2022-nji ýylda, koronawirus pandemiýasy sebäpli onlaýn tertipde geçirilen partiýa gurultaýynda HDB-niň başlygy wezipesine saýlanypdy. Ol 2025-nji ýylyň 6-njy maýyndan bäri Germaniýanyň hökümetine ýolbaşçylyk edýär. Fridrih Mers sany boýunça 10-njy federal Kanslerdir.
PDF









