Dünýäde iň köne jemgyýetçilik jaý toplumy hökmünde tanalýan Fuggeraý Bawariýanyň Augsburg şäheriniň çäginde ýerleşýär. Adyny Fuggerler maşgalasyndan alýan bu toplum 1516-njy ýylda mätäçlere kömek etmek maksady bilen gurlupdyr. Bu ýerde 1523-nji ýyla çenli 52 jaý gurlup, ekin meýdanlarynyň gerimi giňeldilipdir. Köpçüligiň arasynda «Şäheriň içindäki şäherçe» ady bilen tanalýan Fuggeraý ýaşaýyş jaý toplumy daşyndan seredeniňde Orta asyr şäherçesine meňzeýär. Taslama işlenip düzülende Fuggeraýda ýaşaýan ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen bir ýerden giriş-çykyş nokady goýlupdyr. Fuggeraýa ýekeje ýol barýar. Ýoluň başlanýan ýerinde derweze, soňunda bolsa ybadathana ýerleşýär. Bu ýere barýan ulagly adamlar 1 derwezeden, pyýadalar 5 sany derwezeden girip-çykýarlar. Derwezeler her gün agşam 10-da gulplanýar.
Fuggeraý ýaşaýyş jaý toplumynyň özüne çekiji tarapynyň biri bu ýerde 500 ýyldan bäri ýaşaýyş jaý bahasynyň şol bir durkunda üýtgewsiz galmagydyr. Bu ýerdäki jaýlar Augsburg şäherinde azyndan 2 ýyl ýaşan we bergisi bolmadyk garyplara berilýär. Ýyllyk kärende tölegi 80 sent bolup, bu ýerdäki tölegleriň hemmesi Ýakob Fuggeriň wesýetine görä amala aşyrylýar. Fuggeraýda jaýlar aýratynlykda bolup, umumyýaşaýyş jaýy ýok. 45-den 65 inedördül metr meýdan aralykda ýerleşýän jaýlarda aşhana, iki otag we hammam bar. Iki gatly jaýlaryň ählisiniň birinji gatynda kiçiräk bagly meýdan bolup, öýleriň hemmesinde telewizor we akar suw bar. Jaýlaryň köpüsiniň birinji gaty muzeý edilipdir. Ikinji gatda ýaşaýanlaryň bolsa, goşmaça üçegi hem bar.
Fuggeraý 1520-nji ýylda döredilen Fugger haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan dolandyrylýar. Döwrüniň baý adamlarynyň biri bolan Ýakob Fugger ýaşaýyş jaý taslamasyny sargyt eden we bu ýaşaýyş jaý toplumy üçin ilkinji bolup maýa goýan adam hasaplanýar. Augsburg şäherinde Ýakob Fuggeriň heýkeli oturdylypdyr. Fuggeraý ýaşaýyş jaý toplumynda häzirki wagtda 147 jaý, 67 öý, dolandyryş edara binasy, ybadathana we birnäçe muzeý bar. Daşy çyrmaşyk ösümlikler bilen örtülen ýaşyl jaýlarda häzirki wagtda 150 adam ýaşaýar. Germaniýanyň iň gadymy obalarynyň biri bolan Fuggeraý Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýerleriň biridir.