11-nji fewralda «Arkadag» futbol kluby bilen «Al-Nassr» futbol klubunyň arasynda geçiriljek futbol duşuşygy mynasybetli degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Taryhy duşuşygyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, 11-nji fewral güni sagat 15:00-dan wagtlaýyn stadionyň töweregindäki Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunda, 10 ýyl Abadançylyk şaýolunda, Atatürk we Oguz han köçelerinde ulag hereketi çäklendiriler.
Janköýerleriň stadiona bökdençsiz we amatly baryp-gelmegini gazanmak üçin, Ankara köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgalardan iki sany wagtlaýyn ýörite awtobus gatnawy ýola goýlar. Goşmaça awtobuslar her 2-3 minutdan gatnap, tomaşaçylaryň stadiona rahat ýagdaýda ýetmegini üpjün eder.
Şeýle-de tomaşaçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, stadiona giriş işleri iki esasy ugur boýunça guralar. Hususan-da, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly tarapdan üç sany, 10 ýyl Abadançylyk şaýoly tarapdan bolsa bir sany ýörite girelge arkaly janköýerleriň goýberilişi amala aşyrylar.
Estrada ýyldyzlarynyň konserti guralar
Olimpiýa stadionynda boljak taryhy duşuşygyň dabaraly ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, oýnuň öňüsyrasynda ýurdumyzyň estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly konsert guralar. Konsert maksatnamasynyň sagat 17:00-da başlanjakdygyny nazara alyp, tomaşaçylaryň stadiona öňünden gelmegi, girişden bökdençsiz geçmegi we çärelerden doly lezzet almagy maslahat berilýär.
Guramaçylar bu taryhy sport baýramçylygynyň janköýerlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjakdygyna ynam bildirip, hemmeleri sport, dostluk we parahatçylyk ruhunda geçjek bu şatlykly pursatlary bilelikde garşy almaga çagyrýarlar.