Şu tomusda karýerasyny tamamlanan hüjümçi Jefferson Li Luis o diýen meşhur oýunçy bolmasa-da, futbolyň taryhynda transfer bolmakda uly yz galdyrmagy başardy. Ol 28 ýyllyk futbol ýolunda 42 klubda oýnap, jemi 51 gezek transfer bolýar. Futbolyň syýahatçysy lakamyny alan Jefferson Luis käbir klublarda 2-3, hatda 4 aýratyn döwürde çykyş edýär. Jefferson Luis hiç haçan “Premier Ligada”, hatda 2-3-nji ligalarda hem oýnamaýar. Ol aglaba 4-nji liga we ondan aşaky ligalaryň, hatda ýarym professional ligalaryň klublarynyň köýnekçelerini geýýär. Käbir klublarda 1-2 aý, hatda 1-2 oýunlyk hem çykyş edýär.

1979-njy ýylyň 22-nji fewralynda Londonyň Harrow diýen ýerinde dünýä inen Luis 2000-nji ýyldan öň ýaşan ýerleriniň “Riszboro Reýnjers”, “Eýlsberi Ýunaýted”, “Teým Ýunaýted” klublarynda ýagny sebitleýin ligalaryň toparlarynda oýnaýar.  2001-nji ýylda 4-nji liganyň “Oksford Ýunaýted” toparyna transfer bolan Luis bu ýerde 3 möwsüm oýnap, aşaky ligalaryň wekili “Woking” toparyna kärendesine ugradylýar. Bu onuň aşaky ligalardaky başdan geçirmesiniň başlangyjy bolýar. 1 möwsümden soň “Oksforda” dolansa-da, ýene-de pes toparlaryň birine, “Greýwsend end Nortflit” toparyna az wagtlyk kärendesine iberilýär. 2004/05 möwsüminde 5 klubuň köýnekçesini geýýär. “Woking” toparynda 2-nji gezek oýnan Luis şol möwsümi 4-nji liganyň meşhur toparlaryndan “Bristol Rowersde” jemleýär. 2005/06 möwsüminde-de 4 kubda oýnap, olaryň arasynda ýarymprofessional topar hem bar. 2007/08 möwsüminde şol wagt 4-nji ligada bolan “Mansfild Tawn” toparynda-da 18 duşuşyk geçirýär. 2008/09 möwsüminde geçen ýaz aýlarynda 2-nji liga çykan “Reksam” toparynyň köýnekçesini geýýär. Ol bu toparda 42 duşuşykda 15 gol geçirýär. Soňra “Krawli Tawn”, “Raşden end Daýmonds” toparlarynda 18 we 28 duşuşykda oýnaýar (12 gol). 2010/11 möwsüminde ýene-de 5 klubda oýnap, olaryň hiç birinde-de şowly netije görkezip bilmeýär. 2012/13 möwsüminde 3 toparda oýnap, möwsümi “Brekli Tawn” toparynda jemleýär we bu klubda 24 duşuşykda 7 goly derwezä girizýär. Ol mundan öňki möwsümde-de “Brekli Tawnda” 8 duşuşykda 13 gezek tapawutlanypdy.

2013/14 möwsüminde ýarymprofessional çempionatyň “Hendon” toparyna geçýär. Luis bu ýerde 33 duşuşykda 26 gol salýar. Bu onuň iň ýokary görkezijisi bolýar. Ol şol möwsümi çempionatyň başga bir kluby “Margeýtde” 19 oýunda 7 gol bilen tamamlaýar. 2014/15 möwsüminiň 2-nji ýarymynda “Wildstoun” toparyna transfer bolýar (20 oýunda 10 gol). Indiki möwsümde-de ýene şol toparda galýar we 2002/03 möwsüminden soň ilkinji gezek bir möwsümi diňe bir klubda tamamlaýar. Ol 46 duşuşykda meýdança çykýar (karýerasyndaky iň ýokary görkeziji) we şol oýunlarda 19 goly derwezä girizýär. 2016/17 möwsüminiň 2-nji ýarymynda 5-nji ligadaky “Oksford Siti” toparyna gelýär.  2017/18 möwsüminde “Banburi Ýunaýtedde” hem-de “Çeşam Ýunaýted” klublarynda oýnaýar. “Çeşam Ýunaýtedde” ýene-de 2 döwür çykyş edýär. 2021/22 möwsüminde ýarymprofessional liganyň wekili “Nort Leide” 26 oýunda 10 gol salýar. 2022/23 möwsümini ýetginjeklik ýyllaryndaky toparlarynda “Rizboro Reýnjers” hem-de “Teým Ýunaýtedde” oýnaýar we olaryň ikinjisinde 26 oýunda 11 gol geçirýär. Ol karýerasynyň iň soňky möwsümi bolan 2024/25 möwsümini-de bu klubda geçirip, 46 duşuşykda 9 gezek tapawutlanýar.

Ol transfer bolan ähli klubunda azyndan bir duşuşyk geçirýär. Diňe 4 gezek transfer bolan kluby “Teým Ýunaýtedde” ilkinji 2 döwürde 1 oýunda-da meýdança çykmaýar. Käbir möwsümlerde 5 dürli toparyň köýnekçesini geýen Luis klublarda 903 oýunda 293 gezek tapawutlanýar. Ol ýygyndy hökmünde Dominigiň milli toparynda bary-ýogy 1 duşuşyk geçirýär. Ýagny Jefferson Luis 2008-nji ýylda Dünýä Kubogy 2010-yň saýlama tapgyrynyň çäginde Barbadosyň ýygyndy toparyna garşy bolan oýunda meýdança çykýar. Dominigiň ýygyndysy şol oýunda 1-0 utulyp, duşuşykda Luisiň özi ýaly aşaky ligalarda oýnan futbolçy doganoglany Riçard Pakette hem çykyş edýär.

Futbolyň syýahatçysy lakamly Jefferson Luis häzirki wagtda 2022/23 möwsüminde gysga wagtlyk hem oýunçy hem-de tälimçi bolup çykyş eden kluby “Slau Tawn” toparynda kömekçi tälimçi wezipesinde işleýär.

Çykyş eden klublary:

Ilkinji ýyllary:

Risboro Reýnjers (1996/98), Teým Ýunaýted (1998/2000);

Professional karýerasy:

Eýlsberi Ýunaýted (2000/01), Oksford Ýunaýted (2001/04), Woking (2003/04), Oksford Ýunaýted (2004/05), Greýwsend end Nortflit (2004/05), Forest Grin Rowers (2004/05), Woking (2004/05), Bristol Rowers (2004/05), Hemel Hempstid Tawn (2005/06), Lewes (2005/06), Worting (2005/06), Stiwenež (2005/06), Istlei (2006/07), Ýeding (2006/07), Hawant end Woterluwill (2006/07), Weýmut (2007/08), Meýdenhed Ýunaýted (2007/08), Mansfild Tawn (2007/08), Reksam (2008/09), Krawli Tawn (2009/10), Raşden end Daýmonds (2009/10), Geýnsboro Triniti (2010/11), Darlington (2010/11), Weýmut (2010/11), Heýs end Iding Ýunaýted (2010/11), Meýdenhed Ýunaýted (2010/11), Brakli Tawn (2011/12), Linkoln Siti (2011/12), Nýuport Kaunti (2012/13), Waýthok (2012/13), Brakli Tawn (2012/13), Hendon (2013/14), Margeýt (2013/14), Lowstoft Tawn (2014/15), Wildston (2014/16), Steýns Tawn (2016/17), Oksford Siti (2016/17), Banberri Ýunaýted (2017/18), Çeşam Ýunaýted (2017/18), Farnboro (2018/19), Çeşam Ýunaýted(2018/19), Hempton end Riçmond Boro (2019/20), Sent-Olbans Siti (2019/20), Bekonsfild Tawn (2020/21), Nort Lei (2021/22), Rizboro Reýnjers (2022/23), Teým Ýunaýted (2022/23), Slau Tawn (2022/23), Bekonsfild Tawn (2023/24), Teým Ýunaýted (2023/25)