31-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygynda ulanylýan serişdeleri synlap, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar toplumlarynyň çäklerinde oturdylmagy göz öňünde tutulýan şekiller, olaryň özboluşly aýratynlyklary barada hasabat berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän şekil taslamalary we “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, duralgalar, olaryň görnüşleri hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Şunda täze şäheriň çäklerinde ýerleşdiriljek heýkelleriň, beýleki desgalaryň gözelligi, ykjamlygy we Arkadag şäheriniň derejesine laýyk gelmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, ýol ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi. Şunda halkymyzyň buýsanjyna öwrülen şöhratly ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň binýadynyň gelşikli bolmagyna zerur üns berilmelidir.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow “Ahalteke atlary” şaýolunyň ýakasy bilen çekiljek welosiped ýodasynyň we bedewler üçin niýetlenen ýodanyň talabalaýyk hem-de häzirki zaman görkezijilerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny aýtdy. Şunda atly gezelenç üçin niýetlenen ýoda düşeljek çägäniň arassalygyna, hiline zerur üns berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, şaýoluň ugrunda bedewler üçin dynç alyş bassyrmalarynyň we welosipedçilere niýetlenen duralgalaryň amatlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde, dürli maksatly desgalaryň milli binagärlik ýörelgelerine, bu künjegiň ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzda raýatlar, olaryň oňaýly ýaşaýşy we ýokary derejeli dynç alşy bilen baglanyşykly meseleleriň möhüm orna degişlidiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we birnäçe görkezmeleri berdi. Täze şäheriň çäklerinde oturdyljak heýkelleriň we beýleki desgalaryň häzirki zaman amatlylyk talabyna laýyk gelmegi bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm üns berilmelidir.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýyna we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça işleriň derejesine garaldy.