7-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet, syýasy we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Türkmenistanda görnükli döwlet işgäri, parasatly syýasatçy, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ozaldan gelýän ýakyn dosty hökmünde tanalýandygyny hem-de hormatlanylýandygyny aýdyp, onuň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandyny belledi. Türkmenistanda Walentina Matwiýenkonyň halkara giňişlikde parahatçylygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdi babatda alyp barýan işlerine ýokary baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, onuň dünýäde parlamentara dialogy ösdürmekde, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda zenanlaryň işjeňligini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda eýeleýän aýratyn ornuna üns çekildi.
Walentina Matwiýenko gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, özara hormat goýmak däplerine esaslanýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň goşandynyň wajyp ähmiýetini nygtady.
Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen her gezekki pikir alyşmalarynyň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada durlup geçilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýändigini belledi we ýurdumyzda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän forumlara, mejlislere, duşuşyklara aýratyn üns berýändigi üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň dialogyny, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ugry boýunça ýokary derejeli çäräni geçirmek başlangyjyny goldandygy üçin oňa hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäreleriň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrar.
Gahryman Arkadagymyz ynsanperwer gatnaşyklaryň türkmen-rus hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde ähmiýetini nygtap, ýurtlarymyzyň umumy taryhy mirasyny gorap saklamaga, onuň syýasy-diplomatik, ykdysady we beýleki ugurlarda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge binýat bolup hyzmat etmegine berýän uly ünsi üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň başlangyjy boýunça geçirilýän GDA-nyň çäklerindäki “Hatyra otlusy”, “Modanyň Arkalaşygy” atly halkara çärelere, maslahatlara, festiwallara, ýaşlaryň, zenanlaryň, ylym-bilim, medeniýet, sungat meseleleri boýunça duşuşyklara türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Türkmenistanda bu başlangyçlara ýokary baha berilýändiginiň we ýurdumyzyň bu çäreleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiginiň güwäsidir.
Milli Liderimiz türkmen we rus dillerini öwrenmek, medeni mirasy gorap saklamak, baýlaşdyrmak, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny ösdürmek üçin iki ýurduň çäginde hem amatly şertleri döretmek babatda türkmen-rus gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer gün tertibini mundan beýläk-de bilelikde ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz Russiýada türkmen diline, edebiýatyna, sungatyna aýawly çemeleşilýändigi we olaryň wagyz edilmegine berilýän goldawlar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de öz gezeginde, türkmen tarapynyň Türkmen-rus uniwersitetini döretmek, Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynyň täze binasynyň taslamasyny taýýarlamak we gurmak ýaly ulgamda bilelikdäki taslamalary dowam etdirjekdigini aýtdy. Russiýada Magtymguly Pyragynyň, Türkmenistanda bolsa A.S.Puşkiniň, F.M.Dostoýewskiniň ýadygärlikleriniň oturdylmagy türkmen we rus halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmaga esaslanýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Milli Liderimiz özara dostlugy alamatlandyrýan taryhy wakalary we seneleri, döredijiligi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşan şahsyýetleri ebedileşdirmek ugrunda mundan beýläk-de bilelikde iş alnyp baryljakdygyny belledi hem-de Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny beýan etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.