8-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Dabara gatnaşýanlaryň ruhubelentligi, medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Bu ýerde aýdymçylar bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dünýäde belent şöhrata mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen ynsan kalbyna oňyn täsir edýän ýakymly owazlaryň özboluşly sazlaşygynyň emele gelmegini şertlendirdi.
Gahryman Arkadagymyz sungat ussatlary bilen söhbetdeş bolup, olara milli sungatymyza, halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna, bedewlerimize, alabaýlarymyza, halylarymyza, belent daglarymyza, gözel tebigatymyza buýsanyp, olary öz eserlerinde wasp etmek barada maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň milli aýdym-saz sungatynyň has-da ösdürilmegi, onuň dünýä çykmagy, bu ugurda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýdym-sazly çykyşlar bilen at üstünde sazlaşykly hereket eden oglanlara çuňňur hormatyň nyşany hökmünde “Türkmenistan” ýazgyly, bedewleriň şekili ýerleşdirilen, sünnälenip taýýarlanan boýun lybasyny (şarf) gowşurdy.
Sungat ussatlary, öz gezeginde, milli medeniýetimizi ösdürmek babatda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, türkmen sungatyny dünýä çykarmak, täze eserleri döredip, toý-baýramlaryň şatlygyny artdyrmak ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga bermek üçin niýetlenen ýere geldi. Taryhy ähmiýetli waka gatnaşýan oglanjyk ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen türkmen halkynyň Milli Liderinden ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi. Şeýle hem ol hormatly Arkadagymyzdan özi bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy oglanjygyň haýyşyny kanagatlandyryp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäginde nobatdaky möwsümiň ilkinji bag nahalyny ekip, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.
Çärä gatnaşyjylar hem Gahryman Arkadagymyzyň göreldesinden ruhlanyp, uly höwes bilen bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň we ýaşuly nesilleriniň ählihalk çäresine işjeň gatnaşýandygynyň, halkymyzyň sogap işlere aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowam edýän pursatlarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzda kömege mätäç çagalara mundan beýläk-de yzygiderli goldaw bermek babatda maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz döwletli işe dahylly bolýan, saglygyny dikeldip, bu gün bagtyýar durmuşyň hözirini görýän çagalara buýsanýandygyny aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň depginini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berip, şunda gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesinde alnyp barylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Arkadag şäherinde ekologik ýagdaýyň ýokary derejede saklanmagy, ekilen baglara talabalaýyk idegiň ýola goýulmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Asylly däbe öwrülen bag ekmek boýunça köpçülikleýin çäreler täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa gurşawynyň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik abadançylygyň, ilatyň sagdynlygyny üpjün etmegiň möhüm şertidir.
PDF









