29-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy.

Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň giň­den bel­le­nip ge­çil­ýän gün­le­rin­de myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da bol­ma­gy­na şat­dy­gy­ny aýt­dy hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy bu baý­ram bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Şeý­le hem Žo­el Bu­zu Mil­li Li­de­ri­mi­ze Mo­na­ko­nyň Şa­za­da­sy Al­ber II hem-de Şa­gy­zy Ste­fa­ni­ýa­nyň mä­hir­li sa­la­my­ny, hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Žo­el Bu­zu Mo­na­ko Knýaz­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­lan­ýan pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­di.
Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz gut­lag­lar we hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Şa­za­da Al­ber II we Şa­gy­zy Ste­fa­ni­ýa iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Ž.Bu­zu türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da Mo­na­ko­nyň Mon­te-Kar­lo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 47-nji hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da ga­za­nan üs­tün­li­gi bi­len Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy ýe­ne-de bir ge­zek gut­lap, türk­men sirk sun­ga­ty­nyň ýe­ten ýo­ka­ry de­re­je­si­ni bel­le­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ahal­te­ke be­dew­le­ri uzak ta­ry­hyň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­lip, ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­lip gel­nen at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň nus­ga­lyk be­ýa­ny­dyr. At­çy­lyk sun­ga­ty türk­men at­şy­nas­la­ry­nyň yh­las­ly zäh­me­ti­niň, çuň­ňur tej­ri­be­si­niň we ýo­ka­ry us­sat­ly­gy­nyň mi­we­si­dir. Ýur­du­myz­da at­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, onuň ga­dy­my däp­le­ri­ni do­wam et­dir­mek we dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de giň­den ta­nat­mak bo­ýun­ça döw­let de­re­je­sin­de giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Söh­bet­deş­ler Türk­me­nis­tan bi­len Mo­na­ko Knýaz­ly­gy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň deň­hu­kuk­ly­lyk we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Žo­el Bu­zu ýol­baş­çy­lyk ed­ýän gu­ra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len sport ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Myh­man Gah­ry­man Arkadagymyzyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti­niň Mo­na­ko Knýaz­ly­gy­na ama­la aşy­ran sa­par­la­ry­ny ýa­kym­ly duý­gu­lar bi­len ýat­la­ýan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de sa­par­la­ryň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Mo­na­ko­nyň Şa­za­da­sy­nyň ge­ňeş­çi­si, Pa­ra­hat­çy­lyk we sport gu­ra­ma­sy­nyň pre­zi­den­ti we esas­lan­dy­ry­jy­sy Žo­el Bu­zu­wa berk jan sag­lyk, iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.