Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.

Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Biraz wagtdan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Baku şäheriniň Heýdar Aliýew adyndaky halkara howa menziline gelip gondy.