Ýaş ne­sil­le­riň mil­li ter­bi­ýe­si­ni ga­zan­mak­da halk dö­re­di­ji­li­gin­den, çe­per eser­ler­den we Gahryman Arkadagymyzyň eser­le­rin­den ugur al­ýa­rys. «Adam­za­dyň gel­je­gi ki­ta­by köp oka­ýan­la­ryň elin­de bo­lar. Ylym­ly-bi­lim­li ýaş­lar bo­lup, ata Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly gul­luk et­mek be­ýik mer­te­be­dir. Bi­ziň gel­je­gi­miz ýaş­la­ry­myz bi­len­dir» diý­ýän Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary hä­zir­ki za­man türk­men pe­da­go­gi­ka­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. «Mert ýi­git­ler gaý­rat üçin do­gul­ýar», «Pa­ra­hat­çy­lyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy», «Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym» ýa­ly ki­tap­lar her bir türk­men ogul-gy­zyn­da hal­ky­my­zyň naý­ba­şy hä­si­ýet­le­ri­ni ter­bi­ýe­le­mek­de ba­ha­sy­na ýe­tip bo­l­ma­jak eser­ler­dir.
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hal­ky­my­za bir­nä­çe aja­ýyp eser­le­ri peş­geş ber­di. Milli Liderimiziň jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän «Döw­let gu­şy», «Çaý – mel­hem hem yl­ham», «Döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si», «Jan­ly ro­wa­ýat» ýa­ly en­çe­me kitaplary hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil şah­sy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­de aja­ýyp ter­bi­ýe mek­de­bi bo­lup dur­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ki­tap­la­ryn­da türk­men hal­ky­nyň baý ta­ry­hy, mil­li däp-des­sur­la­ry, edep-ek­ra­my gi­ňiş­le­ýin be­ýan edil­ýär. Bu bol­sa ýaş­la­ryň ta­ry­hy, mil­li gym­mat­lyk­la­ry has çuň­ňur öw­ren­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­red­ýär, Wa­ta­na bo­lan söý­gi­ni ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýär.
Gahryman Arkadagymyzyň eser­le­rin­de öňe sü­rül­ýän pi­kir­ler ýaş­la­ry ha­lal zäh­me­te, dö­re­di­ji­li­ge we ýo­ka­ry mak­sat­la­ra ym­tyl­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar. Adam­kär­çi­lik, päk­lik, dog­ru­çyl­lyk ýa­ly hä­si­ýet­ler giň­den wa­gyz edil­ýär. Şeý­le hä­si­ýet­le­riň ýaş­la­ryň kä­mil şah­sy­ýet hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gin­de aý­ra­tyn or­ny bar­dyr.
Gahryman Arkadagymyzyň eser­le­ri ýaş­la­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni saý­lap al­ma­gy­na hem ýar­dam ber­ýär. Sport, sag­lyk we ru­hy taý­dan ösüş ba­ra­da­ky pi­kir­ler ýaş­la­ry be­den hem-de ru­hy taý­dan berk bol­ma­ga ça­gyr­ýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuň­ňur paý­ha­syn­dan, baý dur­muş tej­ri­be­sin­den hem-de Wa­ta­na bo­lan be­ýik söý­gü­sin­den dö­rän ede­bi, yl­my-en­sik­lo­pe­dik we fi­lo­so­fik ki­tap­la­ry äle­mi ýag­tyld­ýan ýyl­dyz­lar my­sa­ly, ýaş ne­sil­le­riň ýo­lu­na şug­la saç­ýar. Röw­şen ýol­lar­dan bar­ýan ýaş­lar bol­sa Wa­ta­nyň ýag­ty gel­je­gi­ni gu­ru­jy­lar­dyr. Aja­ýyp za­ma­na­myz­da ak ýü­rek­den zäh­met çe­kip, bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­my­zy döw­rü­mi­ze my­na­syp şah­sy­ýet­ler edip ýe­tiş­dir­mek ug­run­da dö­re­dil­ýän giň müm­kin­çi­lik­ler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza eg­sil­mez al­kyş aýd­ýa­rys.

Ogulnäzik MUHAMMEDOWA,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.