Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Sankt-Peterburgda penjireden gaçan çagany halas eden ýurduň raýaty Haýrullo Ibadullaýewi «Jasorat» («Batyrlyk») medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada Respublikanyň Baştutanynyň metbugat sekretary Şerzod Asadow telegram kanalynda habar berdi.
Prezidentiň permanynda, adamyň adatdan daşary we çylşyrymly ýagdaýda kiçi ýaşly çagany halas etmekde görkezen gaýduwsyzlygy we janypkeşligi üçin ýokary sylaga mynasyp bolandygy nygtalýar.
Mirziýoýewiň metbugat sekretary, şeýle hem Ibadullaýewiň öz janyny we saglygyny howp astyna goýup, özbek halkyna mahsus bolan batyrlyk we gahrymançylyk ýaly ýokary häsiýetleri aýdyň görkezendigini belledi.
Wakanyň jikme-jikligi
Alty ýaşly oglanjyk 22-nji fewralda ýaşaýyş jaýynyň ýedinji gatyndaky öýüň penjiresinden gaçýar. Şol wagt aşakda işläp ýören köçe süpüriji çagany tutup galmagy başardy we öz bedeni bilen ýere gaçmagyň zarbasyny ýumşatdy. Şäheriň adatdan daşary gulluklarynyň soňradan anyklamagyna görä, oglanjygyň ejesi başga otagda eken, penjirelerde bolsa ýörite gorag ildirgiji bolmandyr.
Gahrymanyň şahsyýeti çalt anyklandy – ol Özbegistanyň raýaty Haýrullo Ibadullaýew bolup çykdy diýip, Respublikanyň migrasiýa agentligi habar berdi. Mälim bolşuna görä, Haýrullo dört aý ozal Russiýa işlemäge barypdyr: ol dört çagasyny we syrkaw ene-atasyny eklemeli eken.
Waka bolandan soň, süpüriji žurnalistler bilen söhbetdeşliginde oglanjygyň penjiräniň öňündäki karnizde duranyny görendigini we oňa öýe girmegini aýdyp gygyrandygyny, emma çaganyň diňlemän gaçandygyny gürrüň berdi. Ol adamyň aýtmagyna görä, gaçan wagty çaganyň aýaklary onuň döşüne degipdir, şonuň üçin hem ol özüni saklap bilmän ýere ýykylypdyr. Ibadullaýew ilki bilen ejir çekene özbaşdak kömek bermäge synanyşypdyr, ýöne soňra çalt karar kabul edip, ony jaýyň girelgesine äkidipdir we ol ýerde jaý gözegçisi bilen bilelikde tiz kömegi çagyrypdyrlar.
Oglanjyk gorkuly ýagdaýda hassahana ýerleşdirildi, ejesi hem onuň bilen bile gitdi. Çaganyň döş kapasasyndan, injiginden şikes alandygy we ýapyk kelle-beýni şikesiniň bardygy anyklandy.
PDF









