Ýewropanyň merkezinde ýerleşýän Horwatiýa uzak ýyllardan bäri syýahatçylyk pudagynda öňdäki orny eýeleýär. Senagat we ykdysady taýdan ösen bu ýurt Adriatik deňziniň kenarynda ýerleşýän dynç alyş merkezleri bilen syýahatçylary özüne çekýär. 1990-njy ýylda Garaşsyzlygyna eýe bolan Horwatiýa 2000-nji ýyllaryň ahyrynda deňiz kenarlaryna iň köp syýahatçy barýan ýurda öwrülýär. 4 milliondan gowrak ilaty bolan bu ýurtda 8 sany milli seýilgäh, 11 sany tebigy seýilgäh we 1000-den gowrak ada bar. Ýurt boýunça 10 ýer ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdir. 56 müň 594 inedördül kilometr meýdany tutýan Horwatiýa medeniýeti, gastronomiýasy, taryhy, modasy, binagärligi, sungaty, tebigaty, deňiz kenarlary we gijeki gezelençleri bilen syýahatçylary özüne çekýär. Balkan ýarym adasynda ýerleşýän bu ýurda her ýyl 20 milliondan gowrak syýahatçy barýar. Iýul we awgust aýlary Horwatiýanyň Dubrownik, Rowin, Zagreb, Split, Poreç, Umag we Zadar ýaly şäherleri syýahatçylardan ýaňa dolup-daşýar.
Horwatiýanyň meşhur ýerleri
Plitwiçka milli seýilgähi. ÝUNESKO-nyň sanawynda ýer alan bu seýilgäh tokaýyň içinde ýerleşýän 16 sany owadan köli we agaçly meýdanlary öz içine alýar. Kölleriň iň ulusy Kozýjak bolup, üstünden agaçdan ýasalan insizje köprüler geçýär. Köprülerden ýöräp göm-gök suwuň üstünde gezelenç etmek her bir syýahatçyda ýatdan çykmajak pursatlary döredýär. Plitwiçka milli seýilgähinde ululy-kiçili şaglawuklaryň hem ýüzlerçesi bar.
Korçula şäherçesi. Deňiz kenaryndaky «süýji şäher» diýlip atlandyrylýan Korçula şäherçesi owadan galalary we diňleri, şeýle hem nagyşlar bilen bezelen restoranlary bilen görenleri haýran galdyrýar. Kölüň içinde gurlan aýratyn topluma meňzeýän bu şäherçäni 1 sagadyň dowamynda aýlanyp bolýar. Şäherçede saýawanlaryň aşagynda köçe tagamlaryny datmak syýahatçylaryň adatyna öwrülen däpleriň biri hasaplanýar.
Hwar şäheri. Güne köýmek, ýahtada gezelenç etmek we deňiz kenarynda kokteýl içmek isleýänler üçin Hwar şäheri ajaýyp ýerleriň biridir. Şäheriň merkezindäki depede Orta asyrlarda gurlan Fortika galasy ýerleşýär. Syýahatçylar bu ýere baryp şäheri we deňzi ýokardan synlaýarlar. Gaýalaryň arasynda ýüzmek isleýänler üçin bu ýerde ähli şertler döredilipdir. Hwar şäherinden gaýykly Pakleni adalaryna hem baryp bolýar.
Mlet adasy. Sosna tokaýlyklary bilen örtülen Mlet adasy tebigaty söýüjileriň iň halaýan ýerleriniň biri hasaplanýar. Kiçijik adanyň gündogarynda dynç alyş merkezi, günbatar böleginde bolsa, iki sany köl we gala bolup, myhmanlar galadaky otaglarda ýa-da tokaýdaky çadyrlarda düşlemeli bolýarlar. Mlet adasynda kiçijik port hem bar.
Kopaçki Rit tebigy seýilgähi. Dunaý we Drawa derýalarynyň suw joşmasyndan emele gelen bu seýilgäh Ýewropanyň iň uly batgalyklarynyň biridir. Aw awlamagy halaýanlar üçin bu batgalyk täsin ýerleriň biri hasaplanýar. Seýilgähde guşuň 290 töweregi görnüşi ýaşaýar. Şeýle hem bu ýerde ýekegapan we sugun köp duş gelýär. Batgalygyň içinden 2,4 kilometr uzynlykdaky tagtadan ýasalan ýoda bar.
Dubrownik şäheri. Deňiz kenarynda ýerleşýän bu şäher dünýäniň iň owadan romantik ýerleriniň biridir. Şäherde gyzgylt üçekli beýik galalar bolup, 10-dan gowrak ybadathana, daşdan ýasalan meýdançalar we köp asyrlyk ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär. Şäherde beýik diwarlaryň üstünde gezelenç edip, howlulara, jaýlaryň üçegine ekilen baglara we deňiz kenarlaryna göz aýlap bolýar.
Braç adasy. Adanyň günorta kenarynda, Bol şäheriniň golaýynda Horwatiýanyň iň köp surata düşülýän ýerleriniň biri bolan guýruk şekilli Zlatni Rat ýerleşýär. Gögümtil-ýaşyl suwuň içinde ýerleşýän bu ada agymtyl daşlardan emele gelipdir.
Zagreb şäheri. Şäheriň paýtagt şäheri Orta asyrlarda gurlan gorag diwarlary bilen täsin görnüşi emele getirýär. Gezelenç etmek üçin iň owadan şäherleriň biri bolan Zagrebde gyzyl saýawanlaryň aşagynda Dolak bazarynda daýhanlaryň söwda etmegi, Strossmaýer gezelenç ýörişleriniň geçirilmegi, Gül meýdançasynda kofe içmek syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Bulardan başga-da, Sibenik galasy, Zagorýe gala şäheri, Wiz adasy, Kres adasy we Krka milli seýilgähi Horwatiýanyň iň köp gelim-gidimli ýerleri hasaplanýar.