Türkiýäniň çempionaty “Süper Ligiň” täze 68-nji möwsümi şu gijeki “Gaziantep” – “Galatasaraý” duşuşygy bilen başlanar. 18 klub çykyş edýän çempionatynda toparlar dowam edýän transfer möwsüminde işjeň hereket edýärler. 18 klubuň 7-si Stambul şäherine degişli toparlardyr. 6 topar geçen möwsümdäki tälimçilerini çalyşdy. 18 klubuň 10-syny ýerli, 8-sini daşary ýurtly tälimçiler türgenleşdirýär. Dünýäniň iň köp tälimçi çalşyrylýan çempionatlarynyň biri bolan “Süper Ligde” klublar täze möwsüme Portugaliýadan hem-de Germaniýadan 2, Gruziýadyr Bolgariýadan, Çehiýadan hem-de Norwegiýadan 1 tälimçi bilen başlarlar.

Geçen möwsüm 19 klubuň çykyş eden çempionatynda “Adana Demirspor”, “Siwasspor”, “Bodrum” hem-de “Hataýspor” klublary aşaky liga düşüp, olaryň ornuna 16 ýyldan soň ýokary liga çykan “Kojaelispor”, şeýle-de, “Gençlerbirligi” hem-de “Fatih Karagümrük” toparlary “Süper Ligde” çykyş ederler.

GALATASARAÝ. Yzly-yzyna 3-nji, umumylykda 25-nji çempionlygyny gazanyp, 5-nji ýyldyzyň eýesi bolan “Galatasaraý” täze möwsümde-de çempionlygyň iň esasy dalaşgäri hasaplanýar. Okan Burugyň tälimçiligindäki klub düzümine Leroý Saneni, şol sanda geçen möwsümde kärendesine çykyş eden Osimheni ymykly transfer etdi. Toparyň 13 ýyllyk derwezeçisi Fernando Muslera, şol sanda Mertens klubdan giden esasy oýunçylar boldy. Tälimçi Okan Burugyň iň esasy maksady bassyr 4-nji çempionlygy gazanyp, Fatih Terimiň rekordyna şärik bolmak.

FENERBAHÇE. 11 ýyldan bäri çempionlygy ýatdan çykaran “Fenerbahçe” toparyna meşhur hünärmen Žoze Mourinio tälim berýär. Klubdan Jeko,Tadiç, Kostiç, Zaýç ýaly oýunçylar başga klublara transfer boldy. Jon Duran, Arçi Brawn, Nelson Semedo ýaly oýunçylary düzümine goşan “Fenerbahçe” topary ýeňişsiz geçen 10 ýylyň ahmyryny çykarmak üçin elde baryny gaýgyrman göreşer.

BEŞIKTAŞ. Soňky ýyllarda “Galatasaraý” hem-de “Fenerbahçe” toparlaryndan juda yza galan “Beşiktaş” Abraham hem-de Orkun Kökçüni düzümine goşdy. Solskaýeriň tälimçiligindäki klub Ýewropa Ligasynda saýlama tapgyry geçip bilmedi. Topar bu möwsümde-de çempionlygyň 3-nji dalaşgäri hasaplanýar.

BEÝLEKILER. Ýurduň 4-nji uly topary diýlip görkezilýän “Trabzonspor”, şol sanda “Samsunspor”, özbegistanly Şomurodowy hem-de Faýzullaýewy düzümine goşan “Istanbul Başakşehir” toparlary öňdäki orunlar üçin göreş alyp barjak beýleki klublar bolar.

TRENDYOL SÜPER LIGI 2025/26 MÖWSÜMIŇ TOPARLARY

KLUBLAR
ŞÄHERI
STADIONY-TOMAŞAÇY
TÄLIMÇI
Alanýaspor
Antalýa
Alanya Oba Stadyumu - 9 789
Žoao Pereira (Portugaliýa)
Antalýaspor
Antalýa
Corendon Airlines Park - 29 307
Emre Belözoglu
Beşiktaş
Stambul
Tüpraş Stadyumu - 42 445
Çagdaş Atan
Eýüpspor
Stambul
Kasımpaşa Stadyumu - 13 797
Ole Gunnar Solskaýer (Norwegiýa)
Fatih Karagümrük
Stambul
Atatürk Olimpiyat Stadyumu - 77 563
Marsel Liçka (Çehiýa)
Fenerbahçe
Stambul
Chobani Stadyumu – 47 430
Žoze Mourinio (Portugaliýa)
Galatasaraý
Stambul
Rams Park - 53 978
Okan Buruk
Gaziantep
Gaziantep
Gaziantep Bş. Stadyumu - 30 320
Ismet Taşdemir
Gençlerbirligi
Ankara
Eryaman Stadyumu - 20 000
Hüseýin Eroglu
Göztepe
Izmir
Gürsel Aksel Stadyumu - 20 756
Stanimir Stoilow (Bolgariýa)
Istanbul Başakşehir
Stambul
Başakşehir Fatih Terim Stadyumu - 17 067
Selçuk Şahin
Kasympaşa
Stambul
Kasımpaşa - 13 797
Şota Arweladze (Gruziýa)
Kaýserispor
Kaýseri
RHG Enertürk Enerji Stadyumu - 32 856
Markus Gisdol (Germaniýa)
Kojaelispor
Kojaeli
Kocaeli Stadyumu - 34 829
Selçuk Inan
Konýaspor
Konýa
Konya Belediýesi Bş. Stadyumu - 41 600
Rejep Uýar
Rizespor
Rize
Çaykur Didi Stadyumu  - 14 850
Ilhan Palut
Samsunspor
Samsun
Samsun 19 Mayıs Stadyumu - 33 303
Tomas Reis (Germaniýa)
Trabzonspor
Trabzon
Papara Park - 40 980
Fatih Tekke