Ýurdumyz ägirt uly uglewodorod serişdeleri bilen dünýäniň energetika bazarynda möhüm orun eýeleýär. «Galkynyş» gaz käni diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň iň iri gury ýer gaz känleriniň biri hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu käni yzygiderli we tapgyrlaýyn özleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen täze – 2026-njy ýyl ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen başlady. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan Galkynyş känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde 110 belgili ulanyş guýusy 4180 metr çuňluga burawlandy. Şunda degişli gatlagyň 4149–4015 metr açyk sütün aralygynda synag işleri geçirilende bir gije-gündizde senagat taýdan 2 million kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy.
Ýurdumyzda täze ýataklaryň gözlenilmegi we özleşdirilmegi netijesinde nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberleri çykarylýar. Munuň özi ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň, önümçilige häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygynyň aýdyň netijesidir.
Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň we gaz kondensatynyň goşmaça möçberlerini çykarmak, «Galkynyş» gaz känini yzygiderli özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzda bu ugry ösdürmek, toplumyň eksport mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär.
«Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, birnäçe möhüm tapgyrlardan ybaratdyr. Gaz känini özleşdirmegiň çäklerinde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge ukyply bolan ägirt uly zawodlar toplumy gurlup ulanmaga berildi. Bu taslama dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.
Häzirki wagtda amala aşyrylýan bu tapgyr, esasan, gazyň uly möçberlerini Hytaý Halk Respublikasyna ibermäge gönükdirilendir. Bu ugurda täze guýulary burawlamak we gaz arassalaýjy desgalaryň kuwwatyny artdyrmak işleri dowam edýär.
Bu käni özleşdirmek strategik taýdan örän ähmiýetli bolup, ol Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini çig mal bilen üpjün etmäge niýetlenendir.
«Galkynyş» käniniň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin hem birnäçe artykmaçlyklary üpjün edýär. Ol türkmen tebigy gazynyň eskport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna getirip, diňe bir Hytaý däl, eýsem, Günorta Aziýa we geljekde Ýewropa bazarlaryna çykmak üçin berk binýat döredilýär. Tebigy gazyň eksportyndan gelýän girdejileriň artmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşýar, dünýäde ygtybarly we iri energiýa üpjünçisi hökmünde ornuny berkidýär.
Galyberse-de, «Galkynyş» gaz käniniň yzygiderli özleşdirilmegi Türkmenistanyň energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ägirt uly taslama geljekde hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we sebitde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine hyzmat eder.
Selbi ÇARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









