«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen Halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzy buýsandyran ajaýyp waka öwrüldi. Bu şatlykly waka «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzyň üstünlikleriniň özboluşly badalgasyna öwrüldi.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len 2007-nji ýyl­da dö­re­di­len «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry gys­ga ta­ry­hy döw­rüň için­de ýur­du­my­zyň da­şyn­da hem uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup, ab­raý­ly baý­rak­la­ry eýe­le­di. To­par 2013-nji ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «IDOL» Bü­tin­dün­ýä sirk sun­ga­ty­nyň fes­ti­wa­lyn­da, 2014-nji ýyl­da Ita­li­ýa­nyň La­ti­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len XVI hal­ka­ra sirk fes­ti­wa­lyn­da, 2015-nji ýyl­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len sirk sun­ga­ty­nyň II hal­ka­ra fes­ti­wa­lyn­da, 2016-njy ýyl­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pon-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Çar­wa­dar­la­ryň II Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da şow­ly çy­kyş edip, şo­la­ryň äh­li­sin­de hem baş baý­rak­la­ra my­na­syp bol­dy. Mun­dan baş­ga-da, 2018-nji ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len «Fon­tan­ka­da­ky» sirk sun­ga­ty­nyň I hal­ka­ra fes­ti­wa­lyn­da «Al­tyn Gae­ta­no» al­tyn heý­kel­ji­gi­ni ga­zan­dy.

«GAL­KY­NY­ŞA» ÝA­PY­LAN SER­PAÝ­LAR
«Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň Mon­te-Kar­lo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra sirk fes­ti­wa­lyn­da­ky üs­tün­li­gi bu ýe­ňiş­le­riň üs­tü­ni ýe­tir­di. Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň Mo­na­ko Kn­ýaz­ly­gy­nyň Mon­te-Kar­lo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da Baş baý­rak we ýö­ri­te baý­rak­lar bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy my­na­sy­bet­li sow­gat­la­ryň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Gö­rog­ly adyn­da­ky Döw­let sir­kin­de ge­çi­ri­len bu da­ba­ra­ly çä­re­de hormatly Prezidentimiziň adyn­dan to­pa­ra 3 mil­li­on ma­nat pul baý­ra­gy, şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan to­pa­ryň ag­za­la­ry­na müň ýew­ro­dan pul baý­rak­la­ry­nyň da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­ma­gy ýur­du­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň sar­pa­sy­nyň he­mi­şe be­lent tu­tul­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.

BE­DEW­LE­RIŇ BE­LENT SAR­PA­SY
Eziz Wa­ta­ny­myz­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­ti­ren mil­li gym­mat­ly­gy bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze be­lent sar­pa go­ýul­ýar. At­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan kö­pu­gur­ly iş­le­riň ne­ti­je­sin­de be­hiş­di be­dew­le­riň şöh­ra­ty dün­ýä dol­ýar. Dün­ýä gym­mat­lyk­la­ry­nyň naý­ba­şy nus­ga­sy­na öw­rü­len türk­men be­dew­le­ri ta­ryh­da öç­me­jek yz go­ýup, hä­zir­ki dö­wür­de hem gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz», «Ga­da­my bat­ly be­dew» at­ly pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan eser­le­ri mil­li buý­san­jy­myz bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la gel­şi, gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ryň çeş­me­si­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da we dün­ýä­de at­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge uly go­şant go­şan türk­men we da­şa­ry ýurt­ly at­şy­nas­la­ra «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň us­sat ha­ly­pa ça­pyk­su­wa­ry», «Türk­me­nis­ta­nyň us­sat ha­ly­pa seý­si» we «Türk­me­nis­ta­nyň halk at­şy­na­sy» di­ýen hor­mat­ly at­la­ryň da­kyl­ma­gy yk­bal­la­ry­ny asyl­ly kä­re ba­gyş­lan at­şy­nas­la­ryň ha­lal, yh­las­ly zäh­met­le­ri­ne döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän my­na­syp ba­ha­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Dün­ýä gö­zel­li­gi­ni özün­de jem­le­ýän aja­ýyp ahal­te­ke at­la­ry­myz bü­tin dün­ýä­de ýur­du­my­za, hal­ky­my­za meş­hur­lyk ge­tir­ýär. Mi­ze­mez gen­ji-ha­zy­na­my­za öw­rü­len, asyr­la­ryň do­wa­myn­da türk­me­niň at-ab­ra­ýy­ny, mer­te­be­si­ni sak­lan mil­li at­çy­lyk sun­ga­ty­myz hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze rö­wüş­de gal­kyn­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Biz özü­mi­ze we öz güý­jü­mi­ze berk ynan­ýa­rys, bu ynam öz kök­le­ri­ni türk­men top­ra­gy­nyň be­re­ke­din­den we sa­hy­ly­gyn­dan, dün­ýä­ni aňk edi­ji ha­dy­sa­ny – adam bi­len atyň ja­na-jan dost­lu­gy­ny dö­ret­me­giň höt­de­sin­den ge­len pe­der­le­ri­mi­ziň pä­him-pa­ra­sa­dyn­dan alyp gaýd­ýar» di­ýip bel­le­me­gi türk­men be­de­wi­niň äh­li dö­wür­ler­de hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da eýe­län mö­hüm or­nu­ny açyp gör­kez­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem be­dew­le­riň mer­te­be­si be­lent tu­tul­ýar.

AR­KA­DAG ŞÄ­HE­RI – AT­ÇY­LY­GYŇ ME­KA­NY
Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk keş­bin­de türk­men be­de­wi­niň my­na­syp or­ny eýe­le­me­gi, esa­sy şa­ýol­la­ry­nyň bi­ri­ne Ak­han at­ly be­de­wiň ady­nyň da­ky­lyp, onuň ug­run­da Ak­han mo­nu­men­ti­niň, şä­he­riň mer­ke­zin­de bol­sa Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ahal­te­ke be­de­wi­ne at­la­nan pur­sa­dy­ny şe­kil­len­dir­ýän «Ar­ka­dag Bi­na­sy­nyň» gu­rul­ma­gy ýö­ne ýer­den däl. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň be­lent sar­pa­sy tä­ze de­re­jä gö­te­ril­di. Ar­ka­dag şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy, ha­ly­pa ça­pyk­su­war Milli Liderimiziň ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne yh­la­sy da­ba­ra­lan­ýar. 2024-nji ýyl­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li «Ýy­lyň iň owa­dan ahal­te­ke be­de­wi» at­ly hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gy hem örän buý­san­dy­ry­jy wa­ka bo­lup ýü­rek­le­re or­na­dy.
Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my bi­len ýa­na­şyp otu­ran Ar­ka­dag şä­he­ri­niň At­çy­lyk yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi­niň, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Gö­rog­ly adyn­da­ky döw­let at­çy­lyk sir­ki­niň hem-de Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň döw­re­bap bi­na­la­ry­ny syn­la­nyň­da hem bu ýer­le­riň at­çy­ly­gyň me­ka­ny­dy­gy­na do­ly göz ýe­tir­mek bol­ýar. Dün­ýä­de ýe­ke-täk şeý­le ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bo­lan Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň umu­my tut­ýan meý­da­ny 20 gek­ta­ra deň­dir.
Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gu­rul­ma­gy hal­ky­my­zyň buý­san­jy­na buý­sanç go­şan ta­ry­hy wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Bu aja­ýyp şä­he­riň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri hem onuň ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi­dir. Bu ga­dy­my top­rak­da bi­na edi­len «akyl­ly» şä­her­de türk­men be­dew­le­ri­ni yl­my esas­da öw­ren­mek iş­le­ri Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki At­çy­lyk yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zin­de hä­zir­ki za­ma­nyň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Döw­ran AN­NA­NE­PE­SOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.