Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalygynda hem uly ösüşler gazanylýar. Garaşsyz Diýarymyzyň berkarar bolmagy bilen ýurdumyzda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Oba hojalygynda gazanylýan belent sepgitleriň netijesinde, Watan harmany ýylyň-ýylyna guşgursak bugdaýyň bol hasyly bilen dolýar.
Şu günler ýurdumyzyň galla meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly Watan harmanyna tabşyrmakda işler gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar. Ýokary öndürijilikli, kuwwatly kombaýnlaryň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Ýygnalan galla hasyly döwrebap elewatorlara tabşyrylýar. Şanly ýylymyzyň altynsow däne hasylyny synlanyňda, ruhuň göterilip, kalbyňa nur çaýylýar. Sebäbi bu däne hasyly il-günümiziň saçagynyň egsilmez bereketi.
Gallaçy daýhanlaryň gazanan ägirt uly zähmet ýeňişleri «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakasy bolan Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna mynasyp sowgat boldy.
Oba hojalygynda öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we agrar ylmynyň gazanan netijeleri önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda oba hojalygyny ösdürmeklige hem örän uly üns berýär. Daýhanlarymyz şeýle ajaýyp zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Arkadag Prezidentimiz ýylyň-ýylyna dünýäniň iň kämil, kuwwatly tehnikalaryny alyp berýär. Bu günki günde gallaçy kärendeçilerimiz suw, dökün bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi başarýan daýhanlaryň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär.
Häzirki wagtda ýetişdirilen dänäni çalt we ýitgisiz ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar diýseň buýsandyryjy wakadyr. Ak bugdaýyň her dänesiniň gymmatyna oňat düşünýän gallaçylarymyz bu asylly işe jogapkärli çemeleşýärler. Şonuň bilen bir hatarda orak geçirilen meýdanlardaky samany ýygnamak we topragy geljekki hasyla taýýarlamak işine uly ähmiýet berilýär. Sazlaşykly tagallalar möwsümi üstünlikli tamamlamaga we geljekki hasylyň düýbüni mäkäm tutmaga şert döredýär.
Halkymyzda uly iliň soltany hasaplanýan bugdaýyň bol hasylynyň ýygnalmagy döwletlilikden nyşan hasaplanýar. Biri-birine «Döwletiň yrylmasyn!» diýýän türkmen gallany iň uly baýlyk hasaplapdyr. Şonuň üçin hem «Gallam bar – tyllam bar», «Gallaly öý – Allaly öý» diýen ýaly pähimleri öz nesillerine miras galdyrypdyr. Ata-babalarymyzyň göreldesi bu gün biziň üçin ýörelge hasaplanýar. Goý, türkmeniň sahy topragynyň berekedi hiç wagt egsilmesin!
Sünnet MEHMANGULYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.