Gyrgyzystan gar barsyny ýurduň milli nyşany hökmünde ykrar edýän karary tassyklady. Bu barada ýurduň Ministrler Kabinetiniň web sahypasynda habar berildi. Kabinetiň başlygy Adylbek Kasymaliýew tarapyndan gol çekilen resminama gar barsynyň şekili bolan resmi logotipi kabul etmegiň we ulanmagyň tertibini kesgitleýär. Suraty ýoýmak, syýasy kampaniýalarda ulanmak, kanunçylygy bozýan ýa-da döwletiň abraýyna zyýan ýetirýän mazmunda mahabat bermek gadagandyr.
Bu karar Gyrgyzystanyň tebigy we medeni mirasyny şöhlelendirýän nyşanlary gorap saklamak, goramak we wagyz etmek maksady bilen kabul edildi. Gar barsy Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabyna girizildi we Gyrgyzystan bilen birlikde 12 ýurtda seýrek ýa-da ýitip barýan görnüş hasaplanýar.