Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň döremegi uly taryhy waka bolup, türkmen halkynyň ykbalynyň göterilen, bagtynyň çüwen güni hökmünde ýyl ýazgylaryna altyn sahypa bolup girdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni toý, her güni baýram. Ýöne mukaddesligi bilen aýratyn orny eýeleýän Garaşsyzlyk baýramy baýramlaryň täji. Biz bu düşünjäniň mazmunyndan gazanan ýeňişlerimize, ýeten derejämize, eýe bolan bagtymyza doly göz ýetirip bilýäris. Garaşsyzlyk düşünjesi juda belent, örän çuň, ol her bir ynsanyň, jemgyýetiň hem bütin halkyň ykbalyny kesgitleýär. Taryh üçin gysga wagt bolan 32 ýylyň dowamynda Türkmenistan öz syýasaty, ösen ykdysady, täze mazmunly, baý medeniýeti bilen dünýä döwletleriniň arasynda öz mynasyp ornuna eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden hormatly Prezidentimiziň ösüş arkaly parahatçylyk, sebit hem sebitara ylalaşyk, energetika, ekologiýa, ulag meseleleri barada eden teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän içeri hem daşary syýasaty biziň her birimizi buýsandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan» atly kitabynda taryhyň ujypsyzja zamanynda Türkmenistan döwletiniň tanalmaz derejede özgerendigini, ösen döwletleriň hataryna goşulyp, dünýäde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ylalaşdyryjy we parahatçylygy goraýjy merkeze öwrülendigini nygtamagy, Garaşsyzlygyň datly miweleriniň sanardan kändigine ýene bir ýola şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ylmy-amaly maslahatlaryň, ylmy forumlaryň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Ýaş alymlara dünýäniň ylmy merkezlerinde tejribe işlerini geçirmäge, ylmy çeşmeleri peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamyny hem ünsden düşürmeýär.
Medeniýet ulgamynda gazanylan hem gazanylýan üstünlikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki Garaşsyzlygyň beren bagty edebiýat we sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar. Medeniýet barada ýörite Kanunyň kabul edilmegi bu ulgamyň kanun esasynda ösdürilmegine esas döretdi. Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň edaralarynyň jemgyýetçilik guramalary, habar beriş serişdeleri bilen utgaşykly işlemegini we bir bitewi medeni giňişligi emele getirmegini, netijede ilatyň medeni gymmatlyklara we eşrete deň derejede aralaşmagyny gazanmagynyň gerekdigini belleýär. Halkyň jemgyýetçilik gurluşynda täze bir döwür başlanan mahalynda Garaşsyzlygyň many-mazmunyny halka düşündirmek, täzelenen ruhy dogry ýola gönükdirmek, durmuşyň ähli ugurlaryny açyp görkezmek söz ussatlarynyň borjy bolup durýar. Bu gün döreden müňlerçe eserleri bilen ýazyjylarymyzyň bu babatda halkyň öňündäki borjuny abraý bilen berjaý edendiklerini buýsanç bilen aýdyp bolar.
Medeniýet ulgamyny döwrebap ösdürmek üçin zerur bolan maddy esas döredildi: kitaphanalaryň, muzeýleriň teatrlaryň, medeniýet öýleriniň köşk ýaly ajaýyp binalarynda zerur bolan zatlaryň hemmesi bar. Bu döwletiň kuwwatyndan, mümkinçiliginden habar berýär. Hut şol mümkinçilik esasynda sungatda gazanan üstünliklerimizi äleme ýaýmaga-da giň mümkinçilik aldyk. Daşary ýurtlarda geçirilýän Medeniýet günleri, hepdelikler, festiwallar hem-de beýleki çäreler milli mazmuna baý medeniýetimiziň has-da baýlaşmagyna şert döredýär. Şeýle çäreler diňe türkmen medeniýetini ösdürmekde däl, beýleki halklaryň edebiýatyny, sungatyny, medeniýetini baýlaşdyrmakda hem ägirt uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda taryhy geçmiş, meşhur şahsyýetler, häzirki döwrümiziň ösüşleri, öňegidişikleri hakynda gürrüň berýän sahna eserleri döredildi. Esasan hem, opera sungaty täze derejelere ýetip, sahnada türkmeniň geçmiş taryhyna degişli şa dessanlardyr dessanlar, rowaýatlar esasynda ençeme operalar döredildi. Täzeden dikeldilip täze öwüşginlere eýe bolan «Şasenem-Garyp», «Görogly», «Magtymguly», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr», «Hüýrlukga-Hemra» ýaly operalar tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri, hor, opera, sirk sungatynyň täzeden dikeldilmegi, başga ýurtlaryň hazynalaryndaky taryhy, medeni, edebi mirasymyzyň öz nusgalarynyň ýa-da göçürmeleriniň bize gelip gowuşmagy, taryhy şahslarymyzyň, nusgawy şahyrlarymyzyň halkara çäklerinde ýubileý dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegi we onlarça beýleki çäreler Garaşsyzlygymyzyň bize beren örän giň mümkinçiligidir. Garaşsyz, erkin ýaşamak her bir ynsanyň halkyň esasy gymmatlyklarynyň biridir, ýöne türkmen halky üçin Garaşsyzlygyň gadry bir başga. Asyrlar boýy arzuwlanyp, arzylanyp ýetilen Garaşsyzlyk mukaddeslik derejesine göterilýär. Ösüşleriň ýolunda özgertmek, gurmak, döretmek bagtyny berkarar döwleti bilen berk baglanyşdyrýan türkmen halkynyň dünýä beren tizligi, gözelligi, gülleýşi nämä degmeýär?!
Garaşsyzlyga bolan söýgi türkmeniň süňňüne, ruhuna siňendir. Aslynda, Garaşsyzlygyň özi ýaşaýşa, il-güne söýgüdir. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ähli babatda uly ösüşlerini üpjün edýän, agzybir türkmen halkynyň eşretli we bagtyýar geljegi üçin amala aşyrýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Laçyn Orazowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.