Garaşsyzlyk sözi indi 34 ýyl bäri dillerimiziň senasyna öwrüldi. Bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli günlerinde göwünleri galkynan ulus-ilimiz Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyny belentde tutup, sarpaly durmuşumyzyň bagtyýar goýnuna doldular. Şol sebäpli-de türkmen halky bu günki gün Garaşsyzlygyň ne derejede arzylydygyna düşünip ony mukaddes saýýarlar. Ata-babalarymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde bir supranyň başyna jem bolup, halal zähmetiň asyl nusgalaryny görkezip, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pajarlap ösmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Türkmeniň arassa asmanynda Garaşsyzlygyň parlak gününiň lowurdap doganyna taryh üçin köp bolmadyk 34 ýylyň içinde asyrlara barabar menzilleri abraý bilen külterläp, Türkmenistanyň tejribesi agzybirlik, bütewilik, jebislik diýen gudratlaryň keramatly güýjüne eýedigini anyk görkezdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda şol agzybirlikden, bütewilikden, jebislikden döwlet tapdyk. Dilimize, dinimize, däp-dessurlarymyza döwran dolanmagy ugran ugurlarymyzyň oň bolup, tutan tutumlarymyzyň rowaçlanyp barmagy agzybirligi, bütewiligi, jebisligi ündeýän il-ýurt bähbitlerini ähli zatlardan ileri tutýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalarynyň ajaýyp miweleridir. Garaşsyzlyk – halal zähmetleri çekýän ýer eýeleriniň, mülkdarlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, nebit-gazçylaryň, maldarlaryň, bilim işgärleriniň, her bir türkmenistanlynyň maksadyny bir etdi. Garaşsyzlyk türkmen topragynyň üstünden azatlyk şemalynyň hoştap öwüsmegidir. Aý-ýyllarymyzyň bagtyýarlyga, bolçulyga beslenmegidir. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde türkmen taryhynda täze bir altyn sahypa açyldy. Berkararlyk tuguny parladyp, bagtyýarlyk aýdymyna hiňlenip erkinligiň şa ýoluna düşen halkymyz eşretli eýýämiň, döwletli döwranyň eýeleri boldular. Ata Watanymyzda ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri özgertmeleriň netijesinde zamanamyzyň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ähli türkmenistanly üçin ykbal özgerdiji taryhy döwürde ýurdumyzyň her bir raýatynyň bähbidini araýan uly işlere badalga berilmegi, “Döwlet adam üçindir“ diýen şygarynyň il-ýurt bähbitli özgertmeleriň düýp manysyna öwrülendigine güwä geçýär. Erkinligi janyndan eý görýän, aryny, namysyny, lebzini, ygraryny, mertebesini baýdak edinip, niçeme müň ýyllyklaryň külpetli ýollaryny külterläp gelen türkmen üçin Garaşsyzlyk diýen keremli söz her bir millet üçin eziz hem arzyly. Beýik Garaşsyzlygyň geçen şöhratly ýyllarynyň içinde Ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitlere eýe boldy.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk ýolunda batly gadamlar bilen öňe barýan halkymyzyň işleri rowaç alsyn. Bizi röwşen geljege alyp barýan ýurt Baştutanymyza uzak ömür, berk jan saglygyny arzuw edýäris. Goý, agzybirlikde, bütewilikde çekilen zähmetler ýylyň-ýylyna eşret, döwlet bol hasyllar getirsin. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda gazanylan üstünlikleriň höwri köp bolsun, baýramlarymyz baýramlara ulaşsyn. Baş baýramymyz bolan ýurt Garaşsyzlygyň şanly 34 ýyllyk toýy gutly bolsun!
Nasiba Durdybaýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri.