Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşidir. Garaşsyz bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, düýpgöter täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Bu günki gün Türkmenistan parahatsöýjüligi, ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürmek bilen dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orunlarynyň birini eýeleýär.
Türkmenistandaky ajaýyp ymaratlary synlanyňda Watanymyzyň belent sepgitlere barýandygy has aýdyň duýulýar. Garaşsyzlygymyzyň nyşany bolan gözel paýtagtymyzy bezeýän, Garaşsyzlyk binasy hem şolaryň naýbaşylarynyň biridir. Garaşsyzlyk binasy döwletimiziň baş sütünidir. Bu bina 2001-nji ýylda Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu binanyň beýikligi 118 metr ini tutýan meýdany 60 m2 deňdir. Garaşsyzlyk binasynyň daş töwereginiň meýdany 47,361 kw2, suw çüwdürimleriniň meýdany 7,560 kw2, şeýle hem açyk awtoduralgalar bar.
Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda, Arçabil şaýolunyň ugrunda ýudumyza sapar bilen gelen dostlukly ýurtllaryň döwlet Baştutanlarynyň eken agaçlarynyň aýratyn seýilgähi ýerleşýär. Bu bina gaýtalanmajak arhitekturasy bilen tapawutlanyp, onuň her bir gurluşygy aýratyn many aňladyp, paýtagtymyzy bezäp dur. Binanyň syn ediş meýdançasyna çenli uzynlygy 91 metre, binanyň çür depesine çenli beýikligi 27 metre deňdir, bu bolsa Garaşsyzlygymyzy alan senämizi aňladýar.
Garaşsyzlyk binamyz türmeniň ak öýüne meňzedilip gurlupdyr. Binanyň ýokarky başynda aý-ýyldyzyň şekili bolup, bu ýurdumyzyň parahatçylygyny, asudalygyny, agzybirligini aňladýar. Şeýle hem bürgüdiň 5 kelleli şekili, 5 welaýatyň bir döwlete gulluk edýändigini aňladýar. Binanyň orta merkeziniň her tarapynda türkmen halkynyň 5 welaýatynyň haly gölleri ýerleşdirilen. Garaşsyzlyk binasynyň 8 sany aýagy, 8 sany girelgesi bar. Her gapysynda gadymy türkmen esgerleri goragçy bolup duran şekilde ýasalypdyr. Häzirki wagtda hem binanyň öňünde gije-gündiziň dowamynda Hormat garawulynyň esgerleri goraýarlar. Binanyň 8 sany aýagynyň bolmagy halkmyzyň 8 asyr arzuwlap arzuw edilip ýetilen şu ajaýyp zamanamyzdyr.
Garaşsyzlyk binasynyň daşynda jemi 32 sany heýkel bolup, 12 sanysy gadymy türkmen esgerleriniň heýkelleri, 20 sany türkmeniň beýik şahsyýetleriniň, akyldarlarynyň heýkelleridir. Bu heýkelleriniň oturdylmagy bina özboluşly aýratyn bezeg berip dur. Binanyň daşyndaky türkmen şahsyýetleriniň, akyldarlarynyň, şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagynyň sebäbi olar öz ýasan döwürlerinde, döredijilik işlerinde türkmen halkynyň asudalygy, parahatçylygy, agzybirligi, özbaşdaklygy arzuw eden şahsyýetlerdir.
Binanyň 1-nji, 2-nji gatlary muzeý bolup hyzmat edýär. Garaşsyzlyk binasynyň esasy bölegi Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç almak üçin niýetlenendir. Gezelenç edýänler Türkmen halkynyň Oguz handan gaýdýan taryhy ýolunda Türkmen Döwletiniň guran esaslandyryjylary bolan beýik serkerdeleri we türkmen milletiniň Garaşsyzlygyny arzuw edip, ony öz döredijiligine siňdiren türkmeniň beýik şahsyýetleriniň heýkellerini synlap bilerler. Seýilgäh ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlarda hem uly täsir galdyrýar.
Bu uly taslamada Türkmenistanyň belli heýkeltaraşlary Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Welmyrat Jumaýew, Seýit Artykmämmedow, Gylyç Ýarmmämedow, Ýazmyrat Nurmämmedow, Nurmuhammet Ataýew we beýlekiler gatnaşdylar.
Bu binany görmäge gelýän gelýän her bir adam, türkmen milletiniň taryhyndan başlap milli gymmatlyklary, baýlyklary, medeniýeti, sungaty barada kän maglumatlar öwrenip bilerler.

Täzegül ÖWEZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.