Garaşsyzlyk güni halkymyzyň özbaşdaklyk, azatlyk, erkinlik, agzybirlik, Garaşsyz Watan, ene topragymyzyň goýnunda berk binýatly döwletiň kemala gelmegi hem-de birlik-bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwlarynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan şanly sene bolmak bilen, ol döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny üpjün edýär. Garaşsyzlyk türkmene baky bagty, sowulmajak bahary bagyş etdi.

Mil­li Li­de­ri­miz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­dyr-gym­ma­ty, onuň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da şeý­le bel­le­ýär: «Ga­raş­syz­lyk döw­le­ti­mi­ziň syn­maz bin­ýa­dy, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň mi­ze­mez esa­sy­dyr!». Ha­ky­kat­dan hem Ga­raş­syz­lyk di­ýen söz her bi­ri­miz üçin ar­zy­ly, ol – hal­ky­my­zyň yk­ba­ly­nyň ar­şa gö­te­ril­me­gi­ni üp­jün eden mu­kad­des­lik, pe­der­le­ri­mi­ziň asyr­lar­bo­ýy gur­sa­gyn­da gö­te­ren ar­zu­wy. Şo­nuň üçin hem bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy baş­la­ry­nyň tä­ji ha­sap­la­ýar. Hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­lik, döw­let­li­lik, ber­ka­rar­lyk ba­ra­da­ky eden ar­zuw­la­ry­nyň wy­sa­ly bo­lan Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy gö­zü­mi­ziň gö­re­ji ýa­ly go­ra­mak her bi­ri­mi­ziň bor­ju­myz­dyr. Ga­raş­syz­lyk türk­me­niň ady­ny, be­ýik hem pa­ra­sat­ly, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji halk­dy­gy­ny bü­tin dün­ýä äş­gär et­di. Ga­raş­syz­lyk Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň döw­let­li­lik esas­la­ry­nyň syn­maz bin­ýa­dy­ny ber­ki­dip, ab­ra­ýy­ny art­dy­ran, ösüş-öz­ge­riş­le­re ba­dal­ga be­ren hem-de mer­te­be­si­ni be­len­de gö­te­ren gud­rat­dyr. Ol türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­na buý­sa­nyp, şu gün­ki bag­ty­ýar dur­mu­şy­na gu­wa­nyp, röw­şen er­tir­le­ri­ne umyt bag­lap, Ýer ýü­zün­de mer­te­be­li ýa­şa­ma­gy­nyň ke­pi­li­dir.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly
Pre­zi­den­ti­mi­ziň ir­gin­siz ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň her bi­ri röw­şen gel­je­gi­mi­ziň, bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň berk bin­ýa­dy­dyr. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry­nyň oňyn öz­gert­me­le­ri hal­kyň be­ýik ta­ry­hy­ny ke­ma­la ge­tir­di. Bu tä­ze ta­ry­hy dö­wür dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de şöh­rat­lan­ýar, äle­me ýa­ýyl­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň ulu­dan baý­ram edilýän Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk to­ýy ru­hy joş­gu­na, eg­sil­mez buý­san­ja bes­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň hoş­ni­ýet­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty bol­sa dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan üç ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek bi­len, hä­zir­ki za­ma­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da­ky öz tä­si­ri­ni we ab­raý­ly or­nu­ny bar­ha pug­ta­lan­dyr­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge, bo­le­lin ýa­şa­ma­ga, me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­ga my­na­syp şert­ler dö­re­dil­ýär, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Bu iş­ler uly ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Şu­lar ýa­ly top­lum­la­ýyn iş­le­riň giň ge­rim­de üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny, al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň dur­muş ugur­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu aja­ýyp iş­ler bagt­ly maş­ga­la­la­ryň ke­ma­la gel­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň ýaz ýa­kym­ly bagt toý­la­ry­ny ulu­dan toý­la­ma­ga, bagtyýarlyk­dan göz­baş al­ýan dur­muş ýo­lu­ny ro­waç­lyk­la­ra bes­le­mä­ge giň şert­le­ri dö­red­ýär.
Ge­çen 34 ýyl ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz, hal­ky­myz üçin şan-şöh­rat­ly ýyl­lar bol­dy. Döw­le­ti­mi­ziň bin­ýa­dy has ber­ki­di­lip, hal­ka­ra ab­ra­ýy ýo­kar­lan­dy, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty art­dy. Hal­ky­my­zyň aba­dan, äh­li ba­bat­da my­na­syp dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ba­ra­da ala­da et­mek ýurdumyzda alnyp barylýan sy­ýa­sa­tyň düýp öze­ni bo­lup dur­ýar.
Hal­ky­my­zyň mil­li däp­le­ri­ne esas­la­nyp, mi­ze­mez dur­muş ka­da­sy­na öw­rü­len pa­ra­hat­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­ny giň­den da­ba­ra­lan­dyr­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Aba­dan­gö­zel IŞAN­GU­LY­ÝE­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len 140-njy orta mek­de­biň mu­gal­ly­my.