Ata Watanymyz Türkmenistan ýene-de sanlyja günden baş baýramymyz bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny uly dabara, şowhun bilen toýlamaga barýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” atly kitabynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň many-mazmunyny çuňňur beýan edýän şeýle setirler bar: “Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň beýik taryhy mirasynyň, medeniýetiniň, däpleriniň, dünýägaraýşynyň hem-de durmuş ýörelgeleriniň, millilige, ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan milli baýramlarymyzyň gözbaşynyň tereňligidir, müdimiligidir”.
Garaşsyzlyk – bu sözüň jümmüşinde ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýörelgeleri we şöhratly ýollary, millilige, ynsanperwerlige ýugrulan däp-dessurlarymyzdyr adatlarymyz, pelsepewi dünýägaraýşymyz ýatyr.
Garaşsyzlyk, ilkinji nobatda, milletimize öz-özüniň kimligini tanadyp, geçen şöhratly taryhy ýoluny we bu ýolda döreden döwletlerini, maddy we ruhy gymmatlyklaryny, beýik şahsyýetlerini gaýtaryp berýär. Garaşsyzlyk halkymyzyň geçmişde öçmejek yz goýan beýik taryhy şahsyýetlerini tirsegine galdyryp, milli we ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, öwrenmäge, söýmäge, aýap saklamaga, tutuş dünýä ýüzüne äşgär etmäge, we olary nesillerden-nesillere geçirip, müňýyllyklara eltmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk milletimize erkin we azat ýaşamaga, gözel tebigatyna we tebigy baýlyklaryna, ata-babalarynyň ruhy we gany siňen mukaddes ene topragyna, onuň ruhy dünýäsine, milli mirasyna eýe bolmaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk- halkymyzyň mertebesine mertebe, şanyna-şan, şöhratyna-şöhrat goşjak müdimi mukaddesligimizdir.
Bu gün toýlary toýa ulaşýan Diýarymyzda, 2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda tutuş halkymyz bir supranyň başyna jem bolup, özüniň Baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabara bilen toýlaýar. Şu geçen 30 ýylyň dowamynda gazanylan ähli ýeňişlerimiziň, üstünliklerimiziň aňrysynda we esasynda, ilkinji nobatda, agzybirlik, parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýatandyr. Aslyýetinde parahatçylyk we agzybirlik bagtyýarlygymyzyň özeni we esasy şertidir. Ata Watanymyzyň ösüş-özgerişiniň baş maksady we netijesi onuň many-mazmuny we dowamat-dowamy Garaşsyzlygy berkitmekdir, döwletimizi berkararlyga, milletimizi bagtyýarlyga ýetirmekdir.
Biziň hemmämize mälim bolşy ýaly şu ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren ilkinji umumy okuw sapagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlaryna ýüzlenip şeýle diýdi – Ýüregi “Mähriban halkym, eziz Watanym, jan Türkmenistanym!”diýip urýan ilimiziň baky bagtyýarlygy, ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir.
Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň her biriniň mukaddes borjy hormatly Prezidentimiziň özlerine bildirilýän uly ynamyndan ruhlanyp, döwrebap ylym-bilim, hünär öwrenip, ata-babalarymyzyň ruhy siňen mukaddes ene topragymyzy, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy janlaryndan söýüp, ony gözleriniň göreji deýin gorap saklamakdan ybarat bolmalydyr.
Sözümiň ahyryny şahyr Atamyrat Atabaýewiň biziň her birimiziň ýüregimizde orun tutan şeýle setirleri bilen soňlamak isleýärin:
Halkym, seň şu bagtly döwranyň üçin
Näçe ärler başyn gowga saldylar.
Seň daşyňa gala gurman, gala dek
Ogullaň başyňy göge galdyrar.
Başyň dik tut, Türkmenistan – diýarym!
Arş deňine çyksyn boýlaryň seniň.
Bize-de asyrlap miýesser etsin
Gutlap ýörmek tutýan toýlaryň seniň!
Hormatly Prezidentimizi, tutuş il-ulsumyzy ýetip gelen şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merjen Seýidowa
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.