Ýurdumyzda her ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynda bellenilip geçilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mähriban Watanymyzyň ýyl-ýyldan gülläp ösýändigini, kuwwatly, abraýly döwlete öwrülendigini äşgär edýär. Ýurdumyz 30 ýylyň içinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurt hökmünde dünýä ýüzünde beýik ykrarnamalara eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk türkmen halkynyň çüwen bagtydyr, göterilen ykbalydyr, ýüzlerçe ýyllara ýaň salan köňül küýseginiň, göwün isleginiň wysalydyr» diýip jaýdar belleýär. Çünki, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolmagydyr.
Ýurdumyzda gurulýan binalar, desgalar ynsan durmuşyny bagtyýarlyga we eşrete beslemäge niýetlenendir. Bu il bähbitli işler milli Liderimiziň öz halkynyň arzuw-islegini, bähbitlerini hemme zatdan ileri tutýandygyny görkezýär. Dünýä ülňülerine kybap gelýän orta we ýokary okuw mekdepleri, döwrebap teatrlar, medeniýet öýleri, kitaphanalar, muzeýler, howa menzilleri, sport-sagaldyş merkezleri, şypahanalar, demir ýollary, mahlasy ähli işlerde il-ýurt bähbidi göz öňünde tutulandyr.
Ýurdumyzda paýtagtymyz bilen birlikde welaýat merkezlerinde gurulýan binalardyr desgalar hem häzirki döwürde Watanymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Orta Aziýanyň dürdänesi diýen belent ada mynasyp bolan paýtagtymyz Aşgabat bolsa bu günki gün görlüp-eşidilmedik derejede özgerdi. Onuň ajaýyp binalarydyr desgalary milli binagärlik keşbi, çeperçilik çözgütleri bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy.
Ýurdumyzda uly ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda täze binalary açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy uludan tutulýar. Bu baýramyň öňüsyrasynda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmalary esasynda birnäçe edara-kärhanalar, saglyk öýleri, döwrebap ýollar we ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Biz hem beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çykarýan ýörite sanymyzda ýetip gelýän uly baýramçylygyň – Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýunyň öňýanynda baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaraly çäreleriň we açylyp ulanmaga berlen binalardyr desgalaryň birnäçesi bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Ilkinji Olimpiýa medalynyň eýesi sylaglandy
21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurdumyzyň türgeni Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
59 kilograma çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşda jemi 217 kg (96+121) netijäni görkezdi we Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy başardy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at berildi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan oňa ähli amatlyklary bolan öýüň hem-de «Lexus LX570 Sport Plus» kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy. Mundan başga-da, P.Gurýewa 50 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy berildi.
Tälimçiler A.Saryýewe Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, A.Emirýana bolsa 2021-nji ýylda öndürilen «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.
Kaka dokma toplumy
25-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynda täze dokma toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Täze işe girizilýän Kaka dokma toplumy iri önümçilik kärhanasy bolup, onuň umumy bahasy 147 850 000 amerikan dollaryna barabardyr. Bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 3 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Bu iri toplumyň işe girizilmegi bilen, onda 1 300 adam zähmet çeker.
Toplumyň tutýan meýdany 18 gektardan ybarat bolup, onda önümçilik binalaryndan başga-da 2 gatly edara binasy, önümçilik ammarlary, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlyk binalary, awtoulag duralgalary bar. Şeýle hem bu ýerde işgärlere amatly şertleri döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, 2 sany 16 orunlyk myhmanhana ýerleşýär.
Täze okuw ýylyna täze mekdepler
1-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen Annak Sähetmyradowyň ady dakylan täze ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep ulanmaga berildi.
Şeýle hem Änew şäherinde 720 orunlyk, Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepler açyldy.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Saýat etrabynyň Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde her biri 600 okuwça niýetlenen döwrebap mekdepleriň açylmagy Lebap welaýatynyň umumybilim berýän edaralarynyň üstüni ýetirdi.
Şol gün birinji synp okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterler gowşuryldy.
Gazturbinaly elektrik stansiýasy
3-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi.
Elektrik stansiýasy Ýaponiýanyň meşhur «Mitsubishi Power Ltd» kompaniýasynyň gazturbina enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň taryhynda bu kompaniýanyň tehnologiýalary ilkinji gezek ulanylýar. Bu ýerde her biriniň kuwwatlylygy 144 megawat bolan gazturbinalaryň üçüsi oturdyldy.
Täze desganyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygy ýene-de 432 megawat artar, öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa 581,2 megawata deň bolar. Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy artar. Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik dörär.
Çagalar aýdym-saz bäsleşigi
5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda guralýan «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl geçirilýän zehinli çagalaryň festiwaly ösüp gelýän nesliň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga hem-de goldamaga, çeper höwesjeňligi ösdürmäge, milli saz medeniýetiniň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny berkitmäge ýardam berýär.
Şu ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary döredijilik gözden geçirilişine aýratyn ruhubelentlik berdi. Ýaşajyk aýdymçylar bedew bady bilen ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan eziz Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň ajaýyp gözelligini wasp etdiler. Körpeleriň ýerine ýetiren aýdym-sazlary wideoşekiller bilen sazlaşdy hem-de sahnada ýaşajyk türkmenistanlylara bagtly çagalygy peşgeş beren beýik döwletiň keşbini janlandyrdy.
Tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen, iň gowy we zehinli ýerine ýetirijileriň, ýeňijileriň atlary yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiziň adyndan olara gymmat bahaly baýraklar hem-de bäsleşigiň ýeňijileriniň diplomlary, bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi
8-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.
Her ýyl bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň
Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň aýdyň hem-de köpöwüşginli zehinleriniň gözden geçirilişi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji konsertinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.
Paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkeziniň amfiteatrynda eziz Diýarymyzy, täze taryhy eýýamyň ägirt uly üstünliklerini, mähriban topragymyzyň gözelligini wasp edýän halk we estrada aýdymlary uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýaňlandy. Aýdymçylar nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine görnükli türkmen kompozitorlarynyň döreden, şeýle hem häzirki zaman kompozitorlarynyň aýdymlaryna täze äheň bermäge çalyşdylar. Bu aýdymlarda gadymy mukamlar häzirki döwrüň heňleri bilen sazlaşykly utgaşdy.
Ýeňijiler diplomlara we baýraklara mynasyp boldular.
Täze ýaşaýyş jaýlary
9-njy sentýabrda Änew şäherinde Ahal welaýatynyň Döwlet arassaçylyk gullugynyň buýurmasy boýunça gurlan ýokary amatlykly dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanmaga berildi.
Binalary guran «Sahabat gurluşyk» hususy kärhanasynyň baş inženeri Döwlet Hommadow iki ýylda dokuz müň inedördül metre golaý jaýlaryň gurlandygyny belledi. «Sahabat gurluşyk» HK jaýlaryň taslamasyny taýýarlanda we olary bina edende pudakda gazanylan ýerli hem-de dünýä tejribesinden peýdalanýar.
Otaglary amatly ýerleşdirilen täze jaýlarda döwrebap gapylar we penjireler oturdylan, oňaýly mebeller bar.
Kuwwatlylygy 630 kilowat bolan transformator beketleri jaýlary elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün eder.
Döwrebap seýilgäh we ýerasty geçelgeler
15-nji sentýabrda paýtagtymyzda döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň açylyş dabarasy boldy. Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýän döwrebap seýilgähiň hem-de Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan ýerasty geçelgeleriň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen ajaýyp paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbiniň owadan desgalarynyň hatary artdy.
Täze, döwrebap seýilgähiň eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolup, onuň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilinde ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy bina edildi. Bu ýerde suw çüwdürimlerinden başga-da, suw howdanlary, bassyrmalar, dynç alar ýaly ýerler gurnaldy, yşyklandyryş sütünleri dikildi. Uzynlygy 320, ini 310 metre deň bolan döwrebap seýilgähde ekilen baglar, dürli güller hem-de döredilen gök otly ýerler suw çüwdürimleri bilen umumy sazlaşygy emele getirip, bu ýeriň howasynyň tämiz bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi tebigy gözelligiň ajaýyp öwüşginleri bilen utgaşyp, seýilgäh zolagynyň görküne görk goşýar.
Ýerasty geçelgeleriň ýer böleginiň umumy meýdany 6 müň 270 inedördül metre barabardyr. Jemi 4 sany ýerasty geçelgede dükanlaryň ençemesi ýerleşdirildi. Şeýle hem duralgalar guruldy.
Döwlet münberi
16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy.
Täze desganyň ajaýyp keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de häzirki zamanyň binagärlik çözgütleri ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Bu toplum kaşaňlygy bilen haýran galdyrýar. Onuň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr, granit we ak mermer bilen örtülen bu toplum üsti gümmezli iki gatly binany, Prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar.
Bu ýerde dabaralar üçin niýetlenen, mermer bilen bezelen giň holl, myhmanlary kabul etmek hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen zallar bar. Bezeglerde ulanylan milli öwüşginler hem-de hyzmat ediş zolagy bu desgalaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.
Ýörite enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze toplumda köpçülikleýin çäreleri geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşde şöhlelendirmek üçin ähli şertler döredilipdir.
Münberiň öňünde granit daşy bilen örtülen meýdança ýerleşýär. Onda dabaraly harby ýörişler hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we durmuş toplumynyň gazanýan üstünlikleriniň gözden geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler.
Şeýle hem münbere gelýän üç kilometre golaý ýol çekildi. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, dürli görnüşli bag nahallary oturdyldy, bezeg gülleri ekildi, ýanýoda çekildi we özboluşly yşyklandyryş ulgamy ornaşdyryldy.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde hem ahalteke bedewleri ähli milli baýramçylyklaryň bezegidir. Bedewler türkmenleriň wepaly ýoldaşyna, Watanymyzyň taryhynyň we iň täze eýýamyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Munuň özi täze Döwlet münberiniň toplumynyň taslamasynda hem göz öňünde tutulypdyr.
Bu ýerde Merkezi Aziýada iň uly 120 metrlik LED ekrany hem-de 8 sany 30 metrlik maçtalar oturdyldy. Mundan başga-da, merkezi binanyň günorta tarapynda dikuçar meýdançasy, awtoduralgalar we beýleki desgalar guruldy.