Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak şanly seneleriň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly hökmünde aýratyn ähmiýete, many-mazmuna eýedir. Toý-baýramlara beslenýän ajaýyp zamanamyzda asyrlaryň dowamynda pederlerimizden miras bolup gelýän halka sala salmak, geňeş etmek ýaly asylly ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi hem buýsandyryjydyr. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ajaýyp hakykaty ýene bir ýola dabaralandyrýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen öňde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, ýaşlara Watanyň uly ynam bildirýändigini, ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy, medeniýet we beýleki ulgamlarda gazanylýan üstünliklerde ýaş nesilleriň mynasyp ornunyň bardygyny belläp geçdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak, kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly mizemez ýörelgelere esaslanyp, onuň esasy maksady ýetilen belent sepgitleri we gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekdi. Bu Konstitusion kanun hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny hem-de onuň halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirilmeginiň ýörelgelerini we maksatlaryny kesgitleýär.
Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň biri-biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň syýasy ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň giňden dabaralanýandygynyň güwäsidir.
Selbi ÇERKEZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.