UEFA Çempionlar Ligasynyň täze möwsüminiň ilkinji gününde garaşylmadyk netijeleriň 2-si hasaba alyndy. Möwsümiň açylyş duşuşygynda ýaryşyň debýutanty, Belgiýanyň çempiony “Ýunion Sent-Žilluaz” topary myhmançylykda PSW toparyny 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşygyň 9-njy minutynda hasaby açan kanadaly hüjümçi Promis Dewid täze möwsümiň ilkinji goluny geçiren oýunçy boldy. Belgiýanyň wekiliniň beýleki 2 goluny bolsa Ait El Haj (39) bilen Kewin Mak Allister (89) öz atlaryna ýazdyrdylar. Eýndhowenlileriň ýeke-täk goluny 90-njy minutda Ruben wan Bommel geçirdi.

Şeýle-de, Portugaliýada “Benfika” topary 8 ýyldan Çempionlar Ligasyna wekilçilik edýän Azerbaýjanyň “Garabag” toparyndan 3-2 hasabynda asgyn geldi. Ýer eýeleri oýnuň başlarynda Barreneçeanyň (6) hem-de Pawlidisiň (16) gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik azerbaýjanlylar Andradeniň (30), Duranyň (48) hem-de Kaşugyň (86) gollary esasynda Çempionlar Ligasynyň final tapgyryndaky ilkinji ýeňşini baýram etdi.