UEFA Ýewropa Ligasynda 4-nji duşuşyklar geçirildi. Daniýanyň “Midtýullann” topary 4-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanan ýeke-täk klub hökmünde hasaba alyndy. “Nissa” bilen “Reýnjers” toparlary bolsa 4-nji duşuşyklarynda hem ýeňlişe sezewar boldy.

Daniýanyň Herning şäheriniň wekili “Midtýullann” öz meýdançasynda “Seltik” toparyny Erliç, Gogorza hem-de Džunuň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, “Midtýullann” topary utugyny 12-ä çykaryp, sanawda 1-nji orunda barýar.

Şol hasap bilen ýeňiş gazanan “Fraýburg” bilen “Ferenswaroş” klublarynyň hem ýeňlişsiz ýörişi dowam edýär. “Fraýburg” myhmançylykda “Nissany” olaryň öňe geçendigine garamazdan, “Ferenswaroş” bolsa Budapeştde Bolgariýanyň “Ludogores” toparyny 3-1 hasabynda ýeňdi.

Çempionlygyň dalaşgärlerinden diýlip görkezilýän Italiýanyň “Roma” topary 2 ýeňlişden soň 2-nji ýeňşini gazandy. Myhmançylykda “Reýnjersi” 2-0 hasabynda ýeňen “Romanyň” gollaryny 13-nji minutda Sule bilen Pellegrini derwezä girizdi. “Betis” hem öz meýdançasynda “Liony” Ezzalzuliniň (hem-de Antoniniň gollary bilen 2-0 hasabynda utdy. “Ştutgart” hem şol hasap bilen “Feýenoorddan” üstün çykyp, oýunda El Hannus bilen Deniz Undaw tapawutlandy. “Aston Willa” hem öz meýdançasynda “Makkabi Tel Awiw” toparyny Maatsen (45+1) hem-de Maleniň (49 p) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

7 goluň geçirilen oýnunda “Genk” myhmançylykda “Bragany” 4-3 hasabynda ýeňmegi başardy. Ispaniýanyň “Selta” topary myhmançylykda “Dinamo Zagrebi” Pablo Duran (4, 44) hem-de Domingesiň (28 ö.d.)

4-nji duşuşyklaryň netijeleri:

RB Salsburg – Gou Ehed Iglz: 2-0

Bazel – FKSB: 3-1

Midtýullann – Seltik: 3-1

Utreht – Porto: 1-1

Srwena Zwezda – Lill: 1-0

Dinamo Zagreb – Selta: 0-3

Malmö – Panatinaikos: 0-1

Nissa – Fraýburg: 1-3

Şturm Gras – Nottingam Forest: 0-0

Aston Willa – Makkabi T.: 2-0

Bolonýa – Brann: 0-0

Wiktoriýa Plzen – Fenerbahçe: 0-0

Ferenswaroş – Ludogores Razgrad: 3-1

PAOK – Ýang Boýz: 4-0

Reýnjers – Roma: 0-2

Betis – Lion: 2-0

Braga – Genk: 3-4

Ştutgart – Feýenoord: 2-0